Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet81/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KOWUM-GARYNDAŞ [kowum-ğarynnaş], at. 
Bir nesilden bolan adamlar, ýakyn we daşgyn 
garyndaşlar, ilen-çalan. 
KOWUM-GARYNDAŞLYK 
[kowum-
ğarynnaşlyk], at. 
Kowum-garyndaşlaryň nesil 
gatnaşygynyň ýagdaýy, ata-baba bir nesle degişlilik. 
Olaryň kowum-garyndaşlyk gatnaşygy bar. 
KOWUM-HYŞ [kowum-hy:ş], at, ser. Kowum-
garyndaş
KOWUS, 1. at, k. d. Ýaý. 2. at. Ýyldyz ady. 3
Şemsi ýyl hasabynda dokuzynjy aýyň ady. 4. Oglana 
dakylýan at. 
KOWUŞiş ady. Kowmak ýagdaýy. 
KOWUŞMAK [kowuşmok], işl. 1. Bir ýerden 
başga bir ýere kowmaga kömekleşmek. 2. Bilelikde 
kowmak. 
KOÝ, at, kön. s. Goýun. Mertler jeňde, toý 
içinde, Aç börüler koý içinde (Magtymguly). Çörde 
san bar, onda san ýok, Geçileri-koýlary bar (K. 
Gurbannepesow).
KÖÇE [köçö], at. Ulagly gatnamak, ýöremek 
üçin giň ýol, daş ýol, gara ýol.  

 Köçe gürrüňi ugursyz, bolgusyz gürrüň. Köçe 
gürrüňini ýaýradyp ýörmezler! Köçä sygmazlyk 
özüňi hondanbärsi saýmak, çişmek, gomparmak. 
KÖÇEME-KÖÇE [köçömö-köçö], at. Köçe 
yzyndan köçe (aýlanyp görme, garama, çykma). 
KÖH [kö:h]: köhi gelmek ser. Göhi gelmek
Şeýle bir bolmasy waka bolaýsa, ondan soň obanyň 
gepçi aýallarynyň köhi gelýär (A. Gowşudow).
KÖJE [kö:jö], at. Et, sogan goşulyp, jöwenden 
bişirilýän, taýynlanýan nahar. Ýetim aşy ýarma köje, 
ol hem bişer ýary gije (Nakyl). Parh bilmeze ýarma-
da bir, köje-de (Nakyl). 
KÖJELIK [kö:jölük] I, syp. Köje üçin ýararly, 
köje bişirer ýaly. Köjelik jöwenimizem öz 
ýanymyzdan öndi (A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling