Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet82/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖJELIK [kö:jölük] IIat. Kösükli, däneli şorja 
mal oty. 
KÖJELMEK [köjölmök], işl. Köjemek işi ýerine 
ýetirilmek. Agzy köjelen çuwallar. 
KÖJEME [köjömö], iş ady. Köjemek ýagdaýy. 
KÖJEMEK [köjömök], işl. Çuwalyň, horjunyň 
we ş.m. agzyny köji bagy bilen baglamak, gözemek. 
Doly horjunyň agzyny köjemek. 


44 
KÖJEMEKLIK [köjömöklük], iş ady. Köjemek 
ýagdaýy. 
KÖJEMEZLIK [köjömözlük], iş ady.  Köjemek 
işi ýerine ýetirilmezlik, edilmezlik. 
KÖJEŞDIRMEK [köjöşdürmök], işl. Bir 
ýanyndan köjäp çykmak, yzly-yzyna köjäp gutarmak. 
Ol horjunlary köjeşdirdi. 
KÖJEŞMEK [köjöşmök], işl. 1. Köjemäge 
kömekleşmek. Horjunlary köjeşmek. 2. Bilelikde 
köjemek. Adamlar içi bugdaýly çuwallaryň agzyny 
köjeşip durdular
KÖJI [köjü], at. Çuwalyň, torbanyň, horjunyň 
agzyny köjemek üçin ulanylýan ýüp. Ejem çaýy üç 
käsä guýup, olary sowatmaga goýdy-da, horjunyň 
köji bagyny çözmäge durdy (H. Garabaýew).
KÖJÜG [köjüğ], at. Argyş çuwalyň, horjunyň 
agzyny köjemek üçin, agzynyň gyralaryna berkidilen 
halkalar. Ol horjunyn köjüglerinden ýüp geçirişdirdi. 
KÖJÜLIK [köjülük], syp. Köji bolar ýaly, köji 
etmäge ýararly (ýüp). Köjülik ýüp. 
KÖJÜME [köjümö], at. Köplenç, sanjylyp nagyş 
edilýän tikiniň bir görnüşi. 
KÖK I, at. 1. Ösümligiň ýerden ýokumly 
maddalary hem-de yzgar alýan ýerasty damarlary. 
Çynaryň köki. 2. Bir zadyň özeni, düýbi, esasy. 
Türkmenlere özleriniň beýik taryhy köklerini ýada 
salmak, özlerini dünýä jemgyýetçiliginiň doly 
hukukly we hormatly agzalary hökmünde ykrar 
etdirmek üçin örän az wagt gerek boldy (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, 
Watany, halky söýmek bagtdyr). 3. mat. Derejä 
göterilende täze san berýän ululyk. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling