Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
KÖPBILMIŞSIREMEK, işl. Özüňi köpbilmiş
hasaplamak, bilimlisirän kişi bolmak. Ne beýle köpbilmişsirän bolýarsyň! KÖPBURÇLUK [köpburşluk], at, mat. Köp burçly geometrik şekil. Köpburçluk çyzmak. KÖPÇÜLIK [köpçülük], at. 1. San taýdan köplük, üýşen adamlar topary, märeke, mähelle, üýşmeleň, jemagat, halaýyk. 2. Jemgyýetçilige degişli, jemgyýet bilen baglanyşykly. Ol köpçülik işinde işşeňňirlik görkezýär. KÖPÇÜLIKLEÝIN [köpçülüklöýün], syp., hal. 1. Köpçülik bolup, köp bolup, köplük bolup, köp adam bolup. Biz nahal oturtmaga köpçülikleýin girişdik. 2. Tutuşlygyna, örän köp. KÖPEK [köpök], at. 1. Erkek jynsly it. Arkaly köpek gurt alar (Nakyl). 2. Oglana dakylýan at. KÖPELDILMEK [köpöldülmök], işl. San, mukdar taýyndan artdyrylmak. KÖPELEGEN [köpölöğön], syp., ser. Köpelgiç. KÖPELEGENLIK [köpölöğönlük], at, ser. Köpelgiçlik. KÖPELGIÇ [köpölğüç], syp. 1. San taýdan artýan, barha köpelýän, köpelegen. Çekirtge biçak köpelgiçdir. 2. gepl. d. Çişip ýa bişip, göwrüm taýdan ulalýan, suwy köp çekip çişýän (tüwi, mäş we ş.m. hakynda). Bu tüwi gaty köpelgiç ekeni. KÖPELGIÇLIK [köpölğüşlük], at. Köp bolaganlyk, köpelegenlik. KÖPELIŞ [köpölüş], iş ady. Köpelmek ýagdaýy. KÖPELIŞMEK [köpölüşmök], işl. Kem-kemden artyp başlamak, dura-bara köpelmek. KÖPELME [köpölmö], iş ady. Köpelmek ýagdaýy. KÖPELMEK [köpölmök], işl. San taýdan artmak, mukdar, möçber taýdan belli bir derejä ýetmek, köp bolmak. Bagşynyň diňçisi durdugyça köpelip, ägirt çynaryň saýasy bütin töweregi bilen dolupdy (B. Kerbabaýew). KÖPELMEKLIK [köpölmöklük], iş ady. Köpelmek ýagdaýy. KÖPELMEZLIK [köpölmözlük], işl. ady. San taýdan artmazlyk, mukdar, möçber taýdan belli bir derejä ýetmezlik, köp bolmazlyk. 48 KÖPELTDIRMEK [köpöltdürmök], işl. San, mukdar taýyndan artdyrtmak. KÖPELTMEK [köpöltmök], işl. 1. San we mukdar taýdan artdyrmak, köp etmek. 2. hasap. Bir sany köpeldijiniň mukdaryna laýyk artdyrmak. Dördi bäşe köpeltseň, ýigrimi bolýar. KÖPELTMEZLIK [köpöltmözlük], iş ady. Sanyny, möçberini artdyrmazlyk. KÖPEME [köpömö], iş ady. Köpemek ýagdaýy. KÖPEMEK [köpömök], işl. Ýorgan, howut kimin galyň, küti zatlary kök atan ýaly edip tikinleriň aralaryny açyp tikmek. Ol kölegede howut köpäp otyrdy. KÖPEMEKLIK [köpömöklük], iş ady. Köpemek ýagdaýy. KÖPEN [köpön], at. Peşeňe ok salnanda (peşeň oklananda) däri bilen seçmäniň arasyna we peşeňiň agzyna dykylyp goýulýan keçe bölejigi. KÖPENMEK [köpönmök], işl. Özi, hojalygy üçin ýorgan, howut we ş.m. köpemek. KÖPEŞMEK [köpöşmök], işl. 1. Ýorgan, howut köpemäge kömekleşmek. 2. Bilelikde köpemek. KÖPEÝIŞ [köpöýüş], iş ady. Köpemek ýagdaýy. KÖPGYRAŇLYK,at. Köp gyraňly geometrik şekil. KÖPLEME [köplömö], iş ady. Köplemek ýagdaýy. KÖPLEMEK [köplömök], işl. 1. Köp bolup, üýşüp, bir zat etmek, hereket etmek. Şonuň üçin-de köpläp, agyz birikdirip, bu işiň hötdesinden gelmegimiz gerek (B. Seýtäkow). Siz köpläp, meniň daşymy çürüzziklediňiz (R. Allanazarow). 2. göç. m. Birini köp bolup urmak, daşyna geçmek, ýekelemek. KÖPLEMEKLIK [köplömöklük], iş ady. Köplemek ýagdaýy. KÖPLENÇ [köpülönç], hal. Köp halatlarda, hemişe diýen ýaly, aglaba, galaba; adatça. KÖPLEÝIŞ [köplöýüş], iş ady. Köplemek ýagdaýy. KÖPMANYLY [köpma:nyly], syp. Manysy köp bolan. Köpmanyly sözler. KÖPMEK [köpmök], işl. 1. Hamyr alyp, galyp ugramak. Hamyr köpüpdir. 2. Ýellenmek, çiş ýöremek. Saňa näme boldy, ýüzüň köpüp dur-la ýa ýatyp ukyňy almadyňmy? KÖPMILLETLI,syp. Köp milletden, halkyýetden durýan, san taýdan köp millet girýän. Köpmilletli ýurt. KÖPREME [köpürömö], iş ady. Köpremek ýagdaýy. KÖPREMEK [köpürömök], işl., ser. Köpürjiklemek. Saça çalnan sabyn köpräp başlady. KÖPREMEKLIK [köpürömöklük], iş ady. Köpremek ýagdaýy. KÖPRETMEK [köpürötmök], işl. 1. ser. Köpürjikletmek. Onuň arak sabyny köpredip ýuwunmaga başlanam şoldy welin, daşardan bir çaganyň aglaýan sesi eşidilip ugrady (B. Annageldiýew). 2. göç. m. Gaharly ýagdaýda agzynda köpürjik, ýeljik emele getirmek. Biri agzyny köpredip gepledi (B. Kerbabaýew). KÖPRI [köpürü], at. Derýalaryň, demir ýollaryň we ş.m. üstünden geçmek üçin gurulýan geçelge. Men jybarlap duran ýagşyň aşagynda selpäp barşyma iň soňky maşyn geçýän köprä ýetdim (T. Gurbanow). Köprüde galtaşan ýeri ýok aňyrda-bärde hiç hili garyndaşlygy, ilteşigi ýok. KÖPTARAPLY, syp. 1. Her taraply, köp gapdaly, tarapy bolan. Köptaraply burç. 2. Birnäçe meseläni, ugry öz içine alýan. Köptaraply mesele. KÖPÜÇIŞ [köpüçi:ş], at. Howudy tikmek, köpemek üçin ulanylýan 25-30 sm uzynlykdaky, gözünden ýüp ötürülýän çiş. Köpüçiş demirden, şonuň ýaly-da, gaty agaçdan hem ýasalýar. KÖPÜK I, at. 1. Bişirilýän süýdüň, naharyň we ş.m. ýüzüne çykýan köpürjik. Naharyň köpügini aýyrmak. 2. Esreýän erkegiň, uzak çapylýan atyň agzynda emele gelýän köpürjik. Gyşyň çillemes erkekleri dişlerini çalşyp, agyzlaryny ak köpük edişip, biri-birine kükreşýärdi (N. Pomma). KÖPÜK II, at, taryh. Hümmeti manadyň ýüzden bir bölegine deň bolan iň ownuk pul birligi. KÖPÜKLEME [köpüklömö], iş ady. Köpüklemek ýagdaýy. KÖPÜKLEMEK [köpüklömök], işl. Gaýnaýan zadyň ýüzünde köpük emele gelmek. Nahar gaýnamanka köpükläp başlaýar. KÖPÜKLEMEKLIK [köpüklömöklük], iş ady. Köpüklemek ýagdaýy. KÖPÜKLEMEZLIK [köpüklömözlük], iş ady. Köpük emele gelmezlik. KÖPÜKLETMEK [köpüklötmök], işl. 1. Gaýnaýan zadyň ýüzüne köpük galdyrmak, köpüklemek derejesine ýetirmek. 2. göç. m. Belli bir sebäbe görä agyzda ýeljik, köpük emele getirmek. Gaty gyssalyp sürleni sebäpli at agzyny köpükledip geldi. KÖPÜKLEÝIŞ [köpüklöýüş], iş ady. Köpüklemek ýagdaýy. KÖPÜN, at. Ölen adamyň jesedi dolanýan ýeňsiz, ýakasyz ak mata, kepen. Köpün tikmek. Köpün biçmek. KÖPÜNLEME [köpünlömö], iş ady. Köpünlemek ýagdaýy. KÖPÜNLEMEK [köpünlömök], işl. Ölen adamyň jesediniň daşyna köpün dolamak, köpün geýdirmek, kepenlemek. Ine, şonuň üçin aty ölensoň, eýesi ony köpünläp gömüpdir diýip eşiderdik (B. Annageldiýew). KÖPÜNLEMEKLIK [köpünlömöklük], iş ady. Köpünlemek ýagdaýy. KÖPÜNLEÝIŞ [köpünlöýüş], iş ady. Köpünlemek ýagdaýy. KÖPÜNLIK [köpünlük], syp. Köpün üçin, köpün bolar ýaly. Köpünlik biz. KÖPÜRJIK [köpürjük], at. 1. Sabyn bilen geýim we ş.m. ýuwlanda döreýän ak ýeljik, köpük. Sabynly suwdan doly bedräniň gögümtil köpürjigi erňeginden syrygýardy. 2. Suw tolkunynyň ýüzünde emele gelýän akjymak ýeljik. 49 KÖPÜRJIKLEMEK [köpürjüklömök], işl. 1. Sabyn we ş.m. bilen geýim-gejim ýuwlanda köpürjik emele gelmek. 2. Suw tolkunlary netijesinde suwuň ýüzünde ak ýeljik emele gelmek. 3. Käbir bişirilýän naharyň ýüzünde gaýnamy çykmanka ýeljik emele gelmek. Palaw bişirmek üçin, gazana salan ýagy ýanyp-ýanmanka etini atdy, ýag köpürjikledi (B. Seýtäkow). KÖPÜRJIKLETMEK [köpürjüklötmök], işl. Köpürjiklemek derejesine ýetirmek. KÖPÜÝÜP, at. Howudy köpemek üçin işilip taýýarlanýan inçe ýüp. KÖPÝYLLYK, syp. 1. Köp ýyla niýetlenen, köp ýylda ýerine ýetirmek üçin düzülen. Ol özüniň köpýyllyk meýilnamasyny ýolbaşçysyna hödürledi. 2. Bir ýyl ekilenden soň, indiki ýyllarda-da özi gögerýän, köp gezek hasyl berýän (ösümlik hakynda). Köpýyllyk ösümlik. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling