Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet88/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Köneçe ýazylan hat arap elipbiýinde ýazylan 
hat. 
KÖNEÇIL [kö:nöçül], syp. Könä uýýan we ony 
goldaýan, könäniň tarapdary, täzäniň täsirine 
düşmeýän. 
KÖNEÇILLIK 
[kö:nöçüllük], 
at. 
Könä 
uýujylyk, könäniň tarapdary bolmaklyk. 
KÖNEDEN [kö:nödön], hal. Öňden, ozaldan, 
gadymdan, geçmişden. Biziň köneden galan gowy 
däp-dessurlarymyz bar. 
KÖNEKI [kö:nökü], syp. Mundan owalky, 
ozalky, öňki wagtdaky. Köneki bolşuňdan oba 
göçüpdir (A. Kekilow). 
KÖNEKILER [kö:nökülör], at. Gadym wagtda 
ýaşanlar, bu döwürden ozal ýaşap geçenler (adam 
hakynda). “Köp ber-de, gözel al

diýip, könekiler 
aýdypdyr-la (R. Gelenow). 
KÖNE-KÜŞÜL [kö:nö-küşül], at. Könelen, 
sandan galan, köne-sana, ýyrtyk-ýirik. Dogrudan 
hem, Ogulgerek bu gün ýadady, ol ertirden bäri 
özüniň köne-küşül zatlaryny ýygnamakdan dynmady 
(N. Saryhanow).
KÖNELDILMEK [könöldülmek], işl. Geýlip, 
ulanylyp köne edilmek. Geýlip köneldilmek. 
KÖNELER [kö:nölör], at, ser. Könekiler
KÖNELIK [kö:nölük], syp. Köne ýagdaýda 
bolmaklyk, könelen halda bolmaklyk. 
KÖNELIŞ [kö:nölüş], iş ady. Könelmek ýagdaýy. 
KÖNELIŞMEK [kö:nölüşmök], işl. 1. Köp 
ulanylmagy, köp wagtyň geçmegi sebäpli dargap 
başlamak, ýyrtylyşmak, çagşap başlamak. Daşy 
könelişip giden depderçe. 2. Ýaşy gaýdyşmak, ýaşy 
bir çene barmak (adam hakynda). Kakam könelişen 


47 
garry adam, sen bolsaň ondan hem beter gorkak 
bolupsyň (A. Gowşudow). 3. Wagty geçişmek, 
ýatdan çykyşmak, könelmek. Könelişen gürrüň. 

 Könelişen göz gowy görmeýän, kütelişen göz. 
Könelişen gözleriniň nury öçügsidi. Könelişen söz 
ulanyşdan galyp barýan söz. 
KÖNELME [kö:nölmö], iş ady. Könelmek 
ýagdaýy. 
KÖNELMEK [kö:nölmök], işl.1. Wagt geçmegi, 
ulanylmagy sebäpli köne bolmak, täzeligi aýrylmak, 
sary gitmek; dargap, çagşap başlamak. Onuň 
egnindäki penjegi könelipdir. 2. Şöhlesi öçmek, 
kütelmek. Indi gözlerem könelip ýör, daşdaky zatlary 
seljermejek bolýar. 3. Köp wagt geçip, ýatdan 
çykyşmak (biriniň ölümi bilen bagly). 
KÖNELMEKLIK [kö:nölmöklük]; iş ady. 
Könelmek ýagdaýy.
KÖNELMEZLIK [kö:nölmözlük], iş ady.
Geýleni ýa-da ulanylany bilen köne ýagdaýa 
geçmezlik, köne bolup ugramazlyk. Bir ýa iki 
geýeniň bilen köýnegiň könelmez, arkaýyn geýiber. 
KÖNELTDIRMEK [kö:nöltdürmök], işl. Başga 
birine geýdirip ýa-da ulandyryp, köne etdirmek. 
Köwşi ýoldaşyňa geýdirip köneltdiripsiň. 
KÖNELTMEK [kö:nöltmök], işl. Bir zady 
geýip, ulanyp, täzeligini ýitirmek, saryny gidermek, 
köne etmek, könelik derejesine ýetirmek.  Men täze 
köýneklerimiň hemmesini köneldäýipdirin. 
KÖNE-SANA [kö:nö-sa:na], syp. Köne-küşül. 
Bu asyl köne-sanasyndan el çekmän geçjek (A. 
Gowşudow).
KÖNE-SÖNE [kö:nö-sö:nö], syp., ser. Köne-
sana.Ol köne-söne geýimlerini geýindi 
(B. 
Seýtäkow). 
KÖŇÜL, at, ser. Göwün. Allatagala ýerdäki 
raýatlaryny ýalkajak bolsa, olaryň içinden pygamber 
sypatly, parasatly, köňli giň ynsany ýaradarmyşyn 
(

Watan

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling