Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet87/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖMÜR, at. 1. Ösümlikden emele gelen we 
gazylyp alynýan gaty ýangyç. Daş kömür. 2
Gandym, sözen ýaly gaty agaçlar ýakylyp 
taýýarlanan ýangyç. Tanyş ýerim bolmany üçin, 
kömrümi, ýüňümi alanyňka myhman bolup düşdüm 
(N. Saryhanow). 

 Kömür çemçe demir ussasynyň körükdäki ody, 
kömri ölçerýän çemçesi. 
KÖMÜRÇI [kömürçü], at. 1. Kömür käninde 
işleýän işçi. 2. Gandym, sözen, sazak kömrüni satýan 
söwdagär. Ozallar gumdan kömürçiler gelerdiler. 
KÖMÜRDAN [kömürda:n], at. Körügiň kömür 
guýulýan we ýakylýan ýeri. Körügiň kömürdanyna 
agajyň ýonuşgalaryny salyp, onuň üstünden kömür 
guýup, kükürt çakyp otlady (N. Pomma). 
KÖNE [kö:nö], syp. 1. Köp ulanylyp dargan, 
çagşan, ýyrtylan, derde ýaramaýan, sandan çykan 
(zat we ş.m. hakynda). Köne keçe. 2. Häzirki däl, 
öňki, täze däl-de, owalky, geçen wagtky, gadymky. 3
Täsirini ýitiren, möwriti geçen, häzir ulanmakdan 
galan, durmuşy däl. 4göç. m. Öň ýaşap geçen; köp 
ýaşan, garry (adam hakynda). Men könelerden, 
ötenlerden, aksakgallardan eşidýärdim (

Görogly

). 

 Köne heňine tutmak şol öňki aýdan-diýeniňi 
gaýtalap durmak. Köne saman sowurmak 
(agtarmak) köne öýke-kinäni ýatlamak, ýatdan 
çykarylmaly zady agzamak.
KÖNEÇE [kö:nöçö], hal. 1. Täzä uýgunlaşman,  
könä laýyk, täzelige daýanman. Dogry, täzeçe 
terbiýäniň 
netijesinde 
ýaşuly 
nesle 
köneçe 
pikirlenýän adamlar hökmünde baha berlen wagty 
hem boldy (

Watan

). 2. Öňki, hemişeki, geçen 
döwürdäki. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling