KÖKELMEKLIK [kökölmöklük], iş ady.
Kökelmek ýagdaýy.
KÖKELMEZLIK [kökölmözlük], iş ady.
Keýpiň kök bolmazlyk.
KÖKELTMEK [kököltmök], işl. Keýpiňi kök
etmek, keýpiňi götermek. Ýaňky gürrüň onuň keýpini
kökeltdi.
KÖKEN [kökön], at. 1. Owlak-guzy kökermek
üçin uzyn ýüpe berkidilen halkaly bag(lar). Eger sen
şony hem äkidip, gyzyldan ahyr, kümüşden köken
edip, ýagşy saklasaň, men seniň bilen gideýin –
diýipdir (Halk ertekisinden). 2. Bäş barmaga
dakylýan ýüzükleriň arasyny birleşdirýän zynjyr bag.
Onuň barmaklarynda köken bilen berkidilen ýüzük
bardy. 3. göç. m. Zynjyr, bent.
KÖKENEK [kökönök]: kökenek bolmak
(germek) çaganyň ýa-da başga biriniň ugrunda
janyňy paralamak, bar zatdan penalajak bolmak,
kükregiňi germek. Ol çagam diýip kökenek bolýardy.
KÖKENLEME
[kökönlömö],
iş
ady.
Kökenlemek ýagdaýy.
KÖKENLEMEK [kökönlömök], işl. 1. Kökene
baglamak, kökene daňmak, kökermek. Bibi owlak-
guzularyny kökenläp ýördi. 2. Bäş barmaga dakylýan
ýüzükleriň arasyny köken, zynjyr bilen birleşdirmek.
KÖKENLEMEKLIK [kökönlömöklük], iş ady.
Kökenlemek ýagdaýy.
KÖKENLENMEK [kökönlönmök], işl. Owlak-
guzular kökene baglanmak. Süriniň içindäki
goýundyr geçiler kökenlenipdi.
KÖKENLEŞMEK [kökönlöşmök], işl. Owlak-
guzyny kökene baglaşmak. Ol owlak-guzulary
kökenleşip ýördi.
KÖKENLETDIRMEK [kökönlötdürmök], işl
Kökene baglatdyrmak, bir ýan ujundan kökene
düzdürtmek (owlak-guzy hakynda).
KÖKENLETMEK [kökönlötmök], işl. Owlak-
guzulary kökene baglatmak, düzdürmek. Owlaklary
kökenletmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |