Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet92/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   88   89   90   91   92   93   94   95   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kör iýip, köse gägirmek alan-aldy etmek, çem gelen 
alyp dargatmak. Kör keýp az wagtlyk keýp, bolar-
bolmaz lezzet. Kör mydar ýykma-ýykylma gün 
görýän, zordan gününi aýlaýan. Kör mydar ýagdaý. 
Kör nebis zada bolan doýmaz-dolmaz isleg, meýil, 
baýlyga gyzma. Körüň eline büre düşen ýaly berk, 
mäkäm, ähtibarly saklamak, tutmak.  
KÖR [kö:r] II, at. Iş, iş-alada, özüňe degişli iş-
dert.  

Körüň bilen bolmak öz iş-derdiň bilen meşgul 
bolmak. Öz körüň bilen bolarlar, gep diýip kaňkap 
ýörmezler. Körüň ýok seniň ol ýerde işiň ýok. – 
Olarda körüň ýok, aýagyňam sekäýme! 
KÖRAMANÇYLYK [kö:rama:nçylyk], at. Gün-
güzeran, durmuş, güzeran dolandyrma. Ýanyňy alyp 
oturaýyn diýsem, meniňem öz köramançylygym 
özüme ýetik (N. Pomma). 
KÖREGSI [kö:röğsü], syp. 1. Ýagtyny çala 
berýän, körek, öçük ýanýan, şöhlesi az. Köregsi 
ýanyp duran çyranyň peltesini galdyrdy (N. 
Saryhanow). 2. Doly tutaşman, köremän, tüsseläp 
ýanýan. Ot ojakda köregsi ýanýardy. 
KÖREK [kö:rök] I, at. Gowaçanyň açylman 
galan gozasy, ösüşden galan goza. Körek arassalaýjy 
maşyn. Ikinji ýola zyňlan körek gelip egnime degdi 
(H. Garabaýew). Goza hem körek açýanlaryň-da 
gulagyna ýakymsyz söz ýetiren adam bolmady (N. 
Pomma). Körek ýygyjy maşyn. Çöpi çapylmadyk, 
köregi doly çöplenmedik gowaçalar. 
KÖREK [kö:rök] II, syp. Ýagtysy az, tutuk, öçük 
şöhle berýän. Ol körek çyranyň ýagtysyna okap, 
gözüni zaýalapdyr. 
KÖREKEN [körökön / kö:rökön ], at. Durmuşa 
çykan gyzyň adamsynyň gyzyň ata-enesine
agalaryna we ş.m. hossarlaryna bolan garyndaşlyk 
gatnaşygy, giýew. Hatda gyzyny berenden soň hem 
körekeni 
bilen 
açyk 
sözleşip 
bilenok 
(B. 
Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   88   89   90   91   92   93   94   95   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling