KÖR [kö:r] I, syp. 1. Görmekden mahrum, gözi
görmeýän, batyl. Kör hasasyny bir aldyrar (Nakyl).
2. göç.m. Düşünjesiz, hiç zat bilmeýän. Okamasaň,
senem men ýaly kör galarsyň.
Kör abraý şowuna düşen, aňsat üstünlik, sähel
zat üçin gelen abraý. Agdaryşdyrýaryn hem-de
türkmen edebiýatyna degişli şol delilnamany tapsam,
bir kör abraý bolsa-da ähtimal diýip, içimi
gepledýärin (
Edebiýat we sungat
). Kör alaka
kürümini
ekerançylyk
meýdanynda
gazýan,
ösümlikleriň köküni iýýän gözi kiçijik gara alaka.
Kör alaka ekine uly zyýan ýetirýär. Kör bolaýyn
(bol, bolsun ) başarmasam, özüm günäkär, näme
bolsam, şol bolaýyn, kynçylygy özüm göreýin.
Başarsam-a öz başymy özüm çaraýyn, başarmasam
kör bolaýyn! (G. Kulyýew). Kör bolmak 1) suw
çykmasy kesilmek, akmasy galmak (çeşme, gözbaş
hakynda). Ol ýerde kör bolan çeşme bardy.2)
göwsüň, ýelniň gözi bitmek, süýt gelmesi kesilmek.
Sygryň bir emjegi kör bolupdyr. Kör düýesi
köprüden geçen öýlenen, öýli-işikli bolan. Köre
hasa belli, hiç kim üçin gümürtik däl, hemmä mälim,
görnüp dur. Köre hasa bolmak göze dürtülip
durmak, äşgär bolmak, aç-açan, belli bolmak. Kör
hasasyny bir aldyrar adam bir gezek özüni
aldatdyrar, emma ikinji gezek aldatdyrmaz. Kör
etmek bir zady owarram etmek, başyňdan aýlap
urmak, taşlamak. Men-ä seniň çakylygyňy eşidip,
gyssagly işlerimi-de kör edip geldim (N. Pomma).
Köre zekat beren ýaly biri eden ýagşylygyňy
bilmedik ýagdaýynda aýdylýar. Kör galmak
sowatsyz, okuwsyz, bilimsiz galmak, nadan galmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |