Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
KÖRÜKÇI [kö:rükçü], at. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- KÖRÜKME
- KÖRÜKMEKLIK
- Ýüz-gözi oda köselen ýaly
- KÖSEMEK
- KÖSEMEKLIK
- KÖSENÇLI
- KÖSENDIRMEK
- KÖSENMEKLIK
- KÖSSEKLEME [kössöklömö], iş ady. Kösseklemek ýagdaýy. KÖSSEKLEMEK
- KÖSSEKLEMEZLIK
KÖRÜKÇI [kö:rükçü], at. 1. Ussahanalarda
demirçi ussanyň körük basýan kömekçisi. 2. Körük ýasaýan ussa. Bäş-alty sany körükçi ussany getirdi ( Görogly ). KÖRÜKDIRMEK [kö:rükdürmök], işl. Ody tutaşdyrmak üçin üfläp, ýel berip köretmek. Ol tütäp duran kesewi ýaly agaçlary biri-biriniň üstünde goýup körükdirdi. KÖRÜKME [kö:rükmö], iş ady. Körükmek ýagdaýy. KÖRÜKMEK [kö:rükmök], işl., ser. Köremek.Uzak wagt geçmänkä, ol uçgun körükdi ( Edebiýat we sungat ). KÖRÜKMEKLIK [kö:rükmöklük], iş ady. Körükmek ýagdaýy. KÖRZEHIN [kö:rzehi:n], syp. Aň-düşünjesi çäkli, zehini gowşak, ýady kütek. KÖRZEHINLIK [kö:rzehi:nlik], at. Aň- düşünjesi çäklilik, gowşak zehinlilik, küteklik. Durmuşa körzehinlik bilen garamak bolmaz. KÖSE [kö:sö], syp. 1. Aslynda sakgal-murt çykmadyk ýa-da örän seýrek sakgal-murtly. 2. göç. m. Hiç bir zat gögermedik, ösümlik bitmedik, ýalçy, ýalazy (dag, baýyr). Müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilen hem-de ýeliň we gaýry tebigy täsirleriň netijesinde uly Balkanyň sürtelen ýaly köse gaýalary görnüp başlady ( Edebiýat we sungat ). 3. Oglana dakylýan at. KÖSELEÇ [kö:sölöç], syp. Sakgal-murty seýrek, kösä ýakyn, köseräk. Goja köseleç sakgalyny sypalady (B. Kerbabaýew). KÖSELIK [kö:sölük], at. Kösäniň ýagdaýy, selçeň sakgal-murtlulyk. KÖSELMEK [kösölmök], işl. Oda tutulmak, daşy çirkizilmek, gorsalmak (kellebaşaýak we ş.m. hakynda). Ol, oda köselen goýun aýagyna meňzeýärdi (A. Gowşudow). Ýüz-gözi oda köselen ýaly ýüz-gözi gara çowlam, gara ýanyk. Ýüz-gözi oda köselen ýaly suwçular günortanyň tüp yssysynda meýdan düşelgesine gelip ugradylar. KÖSEME [kösömö] I, II, iş ady. Kösemek ýagdaýy. KÖSEMEK [kösömök] I, işl. Birine azap ýamanyny bermek, heläk etmek, kyn ýagdaýa salmak, kösendirmek. KÖSEMEK [kösömök] II, işl. Oda çirkizmek, gorsamak, oda tutup ütmek, ot çabratmak (kellebaşaýak we ş.m. hakynda). Goýnuň aýaklaryny oda kösäp, arassalap başladylar. 51 KÖSEMEKLIK [kösömöklük] I, II, iş ady. Kösemek ýagdaýy. KÖSEMEZLIK [kösömözlük], işl., ady. Birine hiç hili azap bermezlik, heläk etmezlik, kösendirmezlik. KÖSEN [kösön]: gara kösen bolmak bir zat sebäpli gaty kösenmek. KÖSENÇ [kösönç], at. Bir işi kösenip, horluk bilen ýerine ýetirmeklik, azap edip, güzap baryny görüp etmeklik, kynçylykly ýagdaý. Kösenç çekilmese, zadyň gadyry bolmaz. KÖSENÇLI [kösönüşlü], syp. Kösenilip ýerine ýetirilýän, edilýän. KÖSENÇSIZ [kösönüşsüz], syp. Kösenilmän ýerine ýetirilýän, edilýän, hiç hili azapsyz, güzapsyz, kynçylyksyz. Men ol işi hiç hili kösençsiz ýerine ýetirdim. Kösençsiz iş ýok. KÖSENDIRMEK [kösönnürmök], işl. Birini heläk etmek, kyn ýagdaýa salmak, kösemek. Her gezek açary alyp gaýdýaň-da kösendiräýýäň! KÖSENIŞ [kösönüş], iş ady. Kösenmek ýagdaýy. KÖSENME [kösönmö], iş ady. Kösenmek ýagdaýy. KÖSENMEK [kösönmök], işl. Bir zat sebäpli özüň kyn ýagdaýa düşmek, bir zadyň ugrunda horlanmak, azap görmek. KÖSENMEKLIK [kösönmöklük], iş ady. Kösenmek ýagdaýy. KÖSENMEZLIK [kösönmözlük], iş ady. Bir zat sebäpli özüň kösençli ýagdaýa düşmezlik, bir zadyň ugrunda azap görmezlik. KÖSEÝIŞ [kösöýüş], I, II, iş ady. Kösemek ýagdaýy. KÖSSE [kössö], at, gepl.d. Polatdan, jöwherden ýasalýan türkmen egri gylyjy. Şu kössämiň gyny gitse, üç urpyýam zaýa gider (Baýly şahyr). Şonda onuň eline degen daýhançylyk guraly bolman, ýigrimi alty ýyl mundan ozal, bilinden aýryp, duldan asan köne kössesi bolup çykdy (A. Gowşudow). KÖSSEK [kössök], at. Ýabynyň ýa-da eşegiň bir öň we bir art aýagyny biri-birine baglaýan iki ujy halkaly duşak görnüşli ýüp, bag. Eşegiň aýagyna hem duşak, hem kössek saldylar. KÖSSEKLEME [kössöklömö], iş ady. Kösseklemek ýagdaýy. KÖSSEKLEMEK [kössöklömök], işl. 1. Aty ýa-da eşegi kössek bilen baglamak. 2. göç. m. Birini ýa bir zady öz ugruna goýbermän saklamak, bent etmek, baglamak, daňmak. Çagany kössekläp saklap bolmaz. KÖSSEKLEMEKLIK [kössöklömöklük], iş ady. Kösseklemek ýagdaýy KÖSSEKLEMEZLIK [kössöklömözlük], iş ady. Kösseklemek işini etmezlik, kössek salmazlyk, kössek bilen baglamazlyk. KÖSSEKLENMEK [kössöklönmök], işl. 1. Kössek bilen baglanmak. Ol ýaby obanyň gyrasyndaky sonarlyga kösseklenip goýberilipdir. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling