KÖÝMEKLIK [köýmöklük], iş ady. Köýmek
ýagdaýy.
KÖÝMET [köýmöt], at. Aýallaryň pişmedir
çapady bişirip, toýa eltýän sowgatly saçagy. Her gün
saçak, pişme-köýmetli gelen aýallar oglany ýüzüne
sylýarlar (A. Gowşudow).
KÖÝNEK [köýnök], at. Her hili matadan
tikilýän, egne geýilýän ýuka geýim. Onuň egninde
keteni köýnegi, mahmal kürtesi bardy (G. Kulyýew).
Köýneginiň jübüsinden eplengije depder-kagyzyny
çykardy-da, epinlerini ýazyşdyrdy (K. Berdiýew).
KÖÝNEKÇE [köýnökçö], hal. 1. Egni diňe
köýnekli, köýnegiň daşyndan hiç zat geýmedik.
Ertirine we agşamyna köýnekçe... gezmek mümkin
däldi (N. Esenmyradow). 2. at. Atyň eýeriniň üstüne
atmak üçin haly ýaly dokalýan ýa-da palas ýaly
öýdelýän gyrasy seçekli esbap, jul. Köýnekçäni
agdygrak saldy (
Görogly
).
KÖÝNEKLIK [köýnöklük], at. Köýnek bolar
ýaly, köýnek tikmäge niýetlenen (mata). Men ertir
bazardan gelşime iň gymmatbaha ýüpek köýneklik
alyp bererin (N. Saryhanow).
KÖÝÜK,at. Ýanyk, ýanan zat. Birdenkä köýük
ysy gelip başlady (
Edebiýat we sungat
).
KÖÝÜP-BIŞMEK, işl., ser. Köýmek 3. Oňa ene
süýdüni
emdirmänligine
köýüp-bişýärdi
(G.
Kulyýew).
KÖÝÜŞ, iş ady. Köýmek ýagdaýy.
KÖZ [kö:z], at. 1. Ýanyp, küle ýa-da kömre
öwrülmedik ot bölegi, tokga ot. Gazanyň
gapdalyndaky ojakda diňe köz gyzaryp ýatyrdy (B.
Seýtäkow). 2. göç.m. Köz ýaly, közüň täsiri ýaly.
Eşitseň ýaman söz ýagşy dostuňdan, Ýanar durar,
ýüregiňde köz bolar (Seýdi).
Do'stlaringiz bilan baham: |