KUHHA-KUHHA
[kuhho-kuhho]:
kuhha-
kuhha etmek ser. Kühhe-kühhe etmek
KUWWAT [kuwwa:t], at. 1. Güýç, gujur, gurbat,
gurp, gaýrat. 2. Elektrik energiýasynyň güýjüni
häsiýetlendirýän ululyk. Elektrik togunyň kuwwaty. 3.
Oglana dakylýan at.
KUWWATLANDYRMAK
[kuwwa:tlan-
nyrmak], işl.1. Bir zadyň güýjüni artdyrmak, gurbuny
köpeltmek, kuwwat bermek. Gulam Seýdi şahyra
nan-suw berip, ony birnemejik kuwwatlandyrypdyr
(N. Pomma). 2. Ykdysady, harby, tehniki taýdan
güýçlendirmek, güýjüni köpeltmek, artdyrmak.
Ýurduň goranyş ukybyny kuwwatlandyrmak.
KUWWATLANMAK [kuwwa:tlanmak], işl. Bir
ugurdan güýçli bolmak, güýçlenmek. Parahatlyk
saýasynda, Ös, kuwwatlan, ganatlan! (A. Kowusow).
KUWWATLY [kuwwa:tly], syp. 1. Kuwwaty bar,
beden taýdan gujurly, güýçli. Kuwwatly gol.2.
Ykdysady, harby, tehniki taýdan güýçli, hemme
tarapdan ösen.
KUWWATLYLYK [kuwwa:tlylyk], at. 1. Fiziki
taýdan güýçlülik, kuwwaty barlyk, kuwwatsyz
dällik.
Pälwanyň
goşarynyň
kuwwatlylygy
daşyndanam bildirip durdy. 2. Ykdysady, harby,
tehniki taýdan güýçli, ösen ýagdaýda bolmaklyk.
KUWWATSYZ [kuwwa:ssyz], syp. 1. Kuwwaty
ýok, kuwwatly däl, güýçsüz. Ol kuwwatsyz gollary
bilen kakasynyň boýnundan asyldy.2. Ykdysady,
harby we tehniki taýdan gowşak.
KUWWATSYZLANDYRMAK [kuwwa:ssyz-
lannyrmak], işl. Birini kuwwatdan gaçyrmak,
kuwwatsyz ýagdaýa salmak, güýçsüzlendirmek.
Kesel ony kuwwatsyzlandyrypdyr.
KUWWATSYZLANMAK
[kuwwa:ssyz-
lanmak], işl. Güýçden galmak, kuwwaty gaçmak,
gurpdan düşmek. Ol kesel zerarly ýyl-ýyldan
kuwwatsyzlanýar.
KUWWATSYZLYK
[kuwwa:ssyzlyk],
at.
Kuwwatsyz
halda
bolmaklyk,
güýçsüzlik,
gurpsuzlyk; ysgynsyzlyk. Soňky gezek göreş tutanda,
pälwanyň kuwwatsyzlygy bildirdi.
Do'stlaringiz bilan baham: |