KUÝAŞ [kuýoş], at, şahyr. Gün (togalak şekilli
örän gyzgyn asman jisimi). Husnuňa tap bermez
kuýaşyň nury, Ýüzüň meňzär mahy-tabana, gözel
(Kemine).
KUÝUN, at. Tüweleý. Köýüňde kuýun deý awara
bolsam (Mollanepes).
KÜÇEN [küçön], at. Düýe ýa ýaby bilen ýer
sürlende malyň boýnunyň sürtülmezligi üçin,
boýunturugyň astyndan, samaçawlaryň aralygyndan
togalanyp, düýrlenip goýulýan köne keçe we ş.m.
zat. Alaşa boýnuna küçen salnyp, boz agta
ýanaşdyrylanda haýkyrdy (B. Kerbabaýew).
Küçen ýaly düýrlenen ýaly, togalanan ýaly,
bükülen ýaly. Ol küçen ýaly bolup bükülip ýatyrdy.
KÜÇENLIK [küçönlük], syp. Küçen eder ýaly,
küçen etmäge ýaramly, küçen etmäge niýetlenen.
Küçenlik köne güpbi.
KÜDE [küdö], at. 1. Bir ýere basylan bede,
ýandak we ş.m. üýşmegi, küt. Ot küdeleri. 2. göç.m.
Tertipli-tertipsiz baslygyp ýatan zatlaryň toplumy. Içi
gyrlyp taşlanan pelleler, baýryň bir bölegi ýaly, küde
bolup ýatyr (B. Kerbabaýew).
KÜDE-KÜDE [küdö-küdö], syp. Üýşürilip
goýlan birnäçe küde; üýşmek-üýşmek, topbak-
topbak. Otlar küde-küde edilip üýşürilipdir.
KÜDELEME [küdölömö], iş ady. Küdelemek
ýagdaýy.
KÜDELEMEK [küdölömök], işl. Bedäni,
ýandagy küde edip basmak, desselerden ýa
petdelerden küde etmek. Bede küdelemek işi
tamamlanyp barýar.
KÜDELEMEKLIK [küdölömöklük], iş ady.
Küdelemek ýagdaýy.
KÜDELEMEZLIK [küdölömözlük], iş ady.
Küde edip basmazlyk.
KÜDELENMEK [küdölönmök], işl. Ot we ş.m.
zatlar küde-küde edilmek. Ýatyrylan ýandak
küdelendi.
KÜDELEŞDIRMEK
[küdölöşdürmök],
işl.
Bedäni, ýandagy we ş.m. bir ýanyndan küde edip
başlamak, küde edip çykmak. Ol ýatan petdeleri
küdeleşdirip çykdy.
KÜDELETMEK [küdölötmök], işl. Küdelemek
işini başga birine etdirmek, bedäni, ýandagy we ş.m.
küde-küde
etdirmek.
Onda-munda
görünýän
desseleri küdeletdi.
Do'stlaringiz bilan baham: |