KÜPÜRSEÝIŞ [küpürsöýüş] I, II, iş ady.
Küpürsemek ýagdaýy.
KÜR, üml. Eşek, kürre kowlanda, ýörediljek
bolnanda aýdylýar.
KÜRE [kürö], at. Kerpiç bişirilýän peç, kerpiç
bişirmek üçin ýörite jaý.
KÜREÇI [küröçü], at. Kerpiç bişirilýän küräniň
işçisi, kürede işleýän adam; küre gurýan ussa.
Ortanjy weziriňem asly kerpiç bişirýän küreçi bolsa
gerek (A. Salyh).
KÜREK [kürök], at. 1. Kiçiräk motorsyz
gaýyklary sürmek üçin boýy iki metrden uzynrak, ujy
ýasy enjam. Elimdäki küregim garşy suwuň ýüzünden
taýyp gitdi (A. Atajanow). 2. Tutuş agaçdan ýonulyp
harman atmak, gar we ş.m. artmak üçin pil görnüşli
ýasy, uzyn saply gural. Ol atylan harmanyň gyzylyny
kürek bilen bir ýere toplady. 3. gepl. d. Degirmeniň
un ahyryndan, çuwaldan we ş.m. un, bugdaý susup
alynýan gysga saply susguç.
KÜREKÇI [kürökçü], at. Kürek bilen gaýyk
sürýän, küregi işledýän adam.
KÜREKLEME
[küröklömö],
iş
ady.
Küreklemek ýagdaýy.
KÜREKLEMEK [küröklömök], işl. 1. Kürek
bilen gaýyk sürmek, gaýygy küregiň kömegi bilen
ýöretmek. Men yzymyza kürekläp ugradym (T.
Gurbanow). 2. gepl. d. Kürek bilen artmak,
toplamak. 3. Kürek bilen uny, bugdaýy we ş.m.
gapgarmak, guýmak.
KÜREKLEMEKLIK [küröklömöklük], iş ady.
Küreklemek ýagdaýy.
KÜREKLENMEK [küröklönmök], işl. 1. Kürek
bilen gaýyk sürülmek. Olar deňziň içindäki
küreklenýän gaýyga meňzeýärdi (A. Nazarow).
2. Kürek bilen ardylmak, toplanmak. Işikdäki gar
küreklendi.
KÜREKLEŞMEK
[küröklöşmök],
işl.l.
Küreklemäge (1-nji we 2-nji manylarynda) kömek
etmek.Ol ikinji küregi aldy-da, gaýykça kürekleşip
başlady. 2. Iki ýa birnäçe bolup küreklemek (1-nji we
2-nji manylarynda). Ikisi iki ýerden gaýyklaryny
kürekleşip, bir salymdan ep-esli ýol geçdiler.
KÜREKLETMEK
[küröklötmök],
işl.
Küreklemek (1-nji we 2-nji manylarynda) işini
başga birine etdirmek. Gary kürekledip toplatmak. Ol
gaýygy ýaş, gujurly oglana kürekletdi-de, beýleki
kenara ugrady.
Do'stlaringiz bilan baham: |