KÜRRELEME [kürrölömö], iş ady. Kürrelemek
ýagdaýy.
KÜRRELEMEK [kürrölömök], işl. Kürresi
bolmak. Eşek kürreläpdir.
KÜRRELEÝIŞ [kürrölöýüş], iş ady. Kürrelemek
ýagdaýy.
KÜRS, at, k. d. Asmanyň sekizinji gaty.
KÜRSEMEK [kürsömök]: kürsäp girmek
(urmak) bir ýere säginmän girmek, bir zatdan
howatyr edip çalt girmek, haýal etmän sümülmek. Ol
säginmän diýen ýaly öz howlusynyň içine kürsäp
girdi (H. Ysmaýylow).
KÜRSEŞMEK [kürsöşmök], işl Birnäçe bolup
säginmän, çalt sokulyşyp girmek. Olar jaýa kürseşip
girdiler.
KÜRSI [kürsü], at. Iki gapdaly tirsek goýar ýaly,
arkasy ýaplanar ýaly bir adamlyk ýumşak oturgyç.
KÜRŞERILMEK [kürşörülmök], işl. Nägile,
närazy bolup, ýüz-gözüňi bürüşdirmek, sortdurmak.
KÜRŞERIŞMEK [kürşörüşmök], işl. Birnäçe
bolup kürşermek. Oturanlar kürşerişdiler.
KÜRŞERME [kürşörmö], iş ady. Kürşermek
ýagdaýy.
KÜRŞERMEK [kürşörmök], işl. Nägile, närazy
halda ýüz-gözüň bürüşmek. – Şomuka, şo dälmikä?
– diýip, bir ýylgyryp, bir kürşerip, ýüregi gürs-gürs
urýardy (A. Durdyýew).
KÜRŞERMEKLIK [kürşörmöklük], iş ady.
Kürşermek ýagdaýy.
KÜRŞERTMEK [kürşörtmök], işl. Ýüz-gözüňi
çytmak, ýüzüňi turşatmak, sortdurmak, bürüşdirmek.
Ol ýüzüni-gözüni kürşerdip, temegini ýokary tutup
jogap berdi (G. Kulyýew).
KÜRŞÜK, syp. 1. Ýüzi-gözi çytyk, gasynly, ýüzi-
gözi bürşük. 2. Oglana dakylýan at.
KÜRT, at, ser. Kürtler. Kürt dili.
KÜRTDÜRIŞMEK [kürtdürüşmök], işl. Birnäçe
bolup kürtdürip durmak. Olar bu elhenç sesi eşidip,
birden kürtdürişip durdular.
KÜRTDÜRMEK [kürtdürmök], işl. Bir zatdan
heder edip, birden aýak çekmek, üýşenip ýa-da
seresaplyk edip saklanmak; näme etjegini bilmän
oýurganmak, ýaýdanmak, çekinip durmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |