Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- LABYRDATMAK
- LABYR-LABYR
- Labyzly okamak
Kyýamatlyk dogan okaşmak özüň ýaly biri
bilen ömürlik dogan, gardaş bolup ýaşamaklyga ant içmek. 64 L L, Türkmen elipbiýiniň on dördünji harpy. LA [la:], Käbir atlaryň öňünden gelip, -syz, -siz goşulmasynyň manysyny aňladýar. Barçanyň perwerdigäri patyşahy la-mekan (Şeýdaýy). LABYR [la:vyr], at. 1. Deňizde, derýada gämini, gaýygy bir ýerde saklamak üçin suwuň düýbüne taşlanýan zynjyrly, gaňyrçakly agyr demir. 2. göç.m.Agram, agyrlyk, agyr ýük. Nädip göterýärkän ol, Gerdenne ýüklenen munça labyry? (I. Nuryýew). 3. Tahýa salynýan labyr görnüşindäki nagyş. ◊ Labyryňy atmak biriniň üstüne öz garamatyňy atmak. LABYRDAMA [lavyrdama], iş ady. Labyrdamak ýagdaýy. LABYRDAMAK [lavyrdamak], işl. Labyrdyly ýanmak. LABYRDAMAKLYK [lavyrdamaklyk], iş ady. Labyrdamak ýagdaýy. LABYRDAMAZLYK [lavyrdamazlyk], iş ady. Labyrdap ýanmazlyk. LABYRDAŞMAK [lavyrdaşmak], işl. Labyrdyly ýanmak (ýanýan köp zat hakda). Tamdyrdan lowlaýan tüsseli ýalyn, gapylarda hatara ýanýan ojaklar, şol şapak bilen bäsleşýän ýaly labyrdaşýardylar (B. Kerbabaýew). LABYRDATMAK [lavyrdatmak], işl. Labyrdyly, ýalynly ýakmak. Ýandagy labyrdadyp ýakmak. LABYRDAÝYŞ [lavyrdaýyş], iş ady. Labyrdamak ýagdaýy. LABYRDEPEN [la:vyrdepen], at. Gaýyk suwuň gyrasyna ýetende, ýere çiş çümdürip, gaýygy saklaýan adam. LABYRDY [lavyrdy], at. Ot kemsiz tutaşyp, ýalynly ýananda emele gelýän sesiň ady. Ýalaňy odunyň labyrdysy. LABYR-LABYR [lavyr-lavyr], s. ş. aňl. söz. Kemsiz tutaşyp, ýalynly ýanýan oduň sesi. ◊ Labyr-labyr etmek ser. Labyrdamak. LABYZ [lavyz], at. 1. Ýakymly, mylaýym äheňde çykýan ses, owaz. Meniň oglum hem dutary edil seniň ýaly şirin labyzda çalýardy, ol hem sen duşly oglandy ( Türkmen halk ertekileri ). 2. Sözüň aýdylyş äheňi. Labzy şeker, hoş güftarly amanmy? (Zelili). ◊ Labzy ajamak biri bilen hyrsyz, ýakymsyz sözleşmek. Nämedendigini-hä bilemok weli, soňky döwürde seniň labzyň-a ajapdyr. LABYZLY [lavyzly], syp. Ýakymly owaz bilen, labyz bilen. Onuň dutaryny Şükür bagşy ýaly gümmürdedip, labyzly çaldy (N. Pomma). ◊ Labyzly okamak sözleri aňladýan manylaryna laýyk gelýän äheň bilen çeper okamak. LABYZLYLYK [lavyzlylyk], at. 1. Labzy barlyk, labyzly bolmaklyk. Sazyň labyzlylygy. 2. Sözleşmäge, gepleşmäge mylakatlylyk, ýakymlylyk, mylaýymlyk. LABYZSYZ [lavyssyz], syp. 1. Labzy ýok, owazy ýakymsyz, gulaga ýakmaýan. Labyzsyz aýdylan aýdym. Goşgyny labyzsyz okamak. 2. göç. m. Hyrsyz, ýakymsyz, mähir-mylakatsyz, labzy ajy. Pahyr labyzsyz adam eken. LABYZSYZLYK [lavyssyzlyk], at. Labyzsyz bolmaklyk, labzy ýokluk, labyzly dällik. LAÇYN [la:çyn], at. 1. Ýeňsesi gögümtil ýa-da çalymtyl-gök, arkasy çalymtyl-goňur, aw awlamak üçin ýörite eldekileşdirilýän algyr guş. Garry güýçden galar, ýigitler huşdan, Saýýat awdan galar, laçynlar guşdan (Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling