LAGYRDATMAK
[lağyrdatmak],
işl.
Lagyrdamaga sezewar etmek, lagyrdar ýaly etmek.
Garry düýäni lagyrdatmak.
LAGYRDAÝYŞ
[lağyrdaýyş],
iş
ady.
Lagyrdamak ýagdaýy.
LAGYRDY [lağyrdy], at. Düýe bagyranda
lagyrdyly ses etmek, lagyr-lagyr etmek, bagyrmak
(düýe hakynda).
LAGYR-LAGYR [lağyr-lağyr], s.ş. aňl.söz.
Düýe bagyranda çykýan sesler.
◊ Lagyr-lagyr etmek ser. Lagyrdamak.
LAHAT, at, k. d. Gör, gabyr; lähet, gabryň içki
öýi. Şahyr Baýly, al nesihat, Ahyry jaýyňdyr lahat
(Baýly şahyr).
LAHZA, hal, k.d. Göz ýumup-açasy salym, az
wagt, şol wagt, şol pursat, birsalym, biraz. ...
Hüýrlukga öz dogany Hüýrzagpyranyň eden işine
gahary gelip, bir lahzada sansyz müň leşger ýygnap,
Hüýrzagpyranyň üstüne geldi (
Hüýrlukga –
Hemra
).
LAK: lak açmak ser. Lak bolmak.Otursa-tursa
dilini ýetirip duran adam menden almytyny alandan
soň lak açaýdy. Lak bolmak dymmak, sem bolmak.
Men-ä, inim Myrat, seniň bilen guda bolaly!
diýip
geldim diýeninden, Myrat kel lak boldy (A.
Durdyýew). Lak etmek birini geplemez ýaly etmek.
LAK [la:k] I: lak atmak söz gatmak, birine bir
zat diýmek. Lak atamda myssyk gülgün, Assa ýöräp
bärik gelgin (Halk döredijiliginden). Enebaý eje bu
goh-galmaga oýanyp, ýorganlarynyň üstünde oýaly-
ukuly gözlerini owkalap oturan Aba bilen
Ýusupberdä: – Balalam, ogul jigiňiz boldy – diýip,
lak atdy-da, täze dogan çaganyň sesi çasly çykýan
tama tarap döndi (Gurbanguly Berdimuhamedow,
Älem içre at gezer, 10 s.). Ýigitkäm gyzlara bakman
bilmedim, Ýöne lak atmagy hökman bilmedim (G.
Daşgynow).
Do'stlaringiz bilan baham: |