Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


LAGŞARMAK [lağşarmak], işl., ser. Lagşamak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet119/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LAGŞARMAK [lağşarmak], işl., ser. Lagşamak. 
LAGŞAŞMAK [lağşaşmak], işl. Garrylyk sebäpli 
sandan galyp ugramak, gujur-gaýraty gaçmak, süňňi 
gowşamak. Onuň lagşaşan süňkleri şakyrdap gitdi 
(G. Kulyýew).
LAGŞAÝYŞ [lağşaýyş], iş ady. Lagşamak 
ýagdaýy. 
LAGTA [lağta], at. Tokga tutan, lokga-lokga 
bolan, goýalyp gatan (gan hakynda). Gan lagtasy. 
LAGTA-LAGTA [lağta-lağta], at. Köp tokga 
tutan, lokga baglan, lokga-lokga bolan, lakga-lakga 


65 
(gan hakynda). Men senden başga baksam, Gan 
gusaý lagta-lagta (Halk döredijiliginden). 
LAGTALANMAK [lağtalanmak], işl. Lagta-
lagta bolmak, tokga tutmak, goýalyp lagta görnüşe 
geçmek.
LAGYM [lağym], at. 1. Depäniň, beýikligiň 
aşagyndan suw geçirmek üçin gazylýan ýerasty aryk, 
suw ötügi. 2. Arassa ýa-da hapa suwlary akdyrmak 
üçin ýerasty geçirijileriň ulgamy. 
 LAGYRDAMA 
[lağyrdama], 
iş 
ady. 
Lagyrdamak ýagdaýy. 
LAGYRDAMAK [lağyrdamak], işl. 1. Bagyryp 
lagyrdyly ses çykarmak. Bu Hally şahyryň lagyrdap 
duran göherdine dönüpdir (N. Pomma). 2. göç. m. 
Lagyr-lagyr edip hüňürdemek. Nahar sähel gijä 
galsa, onsoň ýagryna degilýän göhert ýaly, şol 
lagyrdar oturar (N. Hojageldiýew). 
LAGYRDAMAKLYK [lağyrdamaklyk], iş ady. 
Lagyrdamak ýagdaýy. 
LAGYRDAMAZLYK [lağyrdamazlyk], iş ady.
Lagyrdap oturmazlyk, lagyr-lagyr etmezlik.  
LAGYRDAŞMAK [lağyrdaşmak], işl. Birnäçe 
erkek bilelikde lagyrdamak. Käte goýunlary suwa 
ýakanda, suw çekýän erkekler lagyrdaşýardy (Ç. 
Gurbangylyjow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling