LEB [lev], at, şahyr. 1. Dodak. Lebi şeker, agzy
gunça, Ol zülpi tardan aýryldym (Magtymguly).
Leblerinden bal akar, Şadyýan läle kakar (G.
Ezizow). 2. k. d. Gyra, ýaka, boý, kenar (deňiz, derýa
we ş.m. hakynda). Kepderiler bir silkinip, perizat
boldular we kapasy serhowzuň lebinde goýdular
(
Hüýrlukga – Hemra
). Derýa lebi otluk, suwluk,
ajap çemenlik bir ýer erdi (
Gül – Bilbil
) .
LEBBEÝIK [lepbeýik], kön. s.
Hawa, men taý-
ýar, men häzir, men bar; buýrugyňyza men taýyn
diýen manydaky giriş söz. Mejnun bu sözi eşidip,
Lebbeýik
diýdi (
Leýli – Mejnun
).
LEBIZ [leviz], at. Bir zat hakynda berlen wada,
söz, ygrar, äht.
◊ Lebiz etmek bir zady etmeklige söz bermek,
boýun bolmak, wada bermek. Gijeler ýatmaga
bolmaz kararym, Lebiz edip men, bir wadada
duraryn (
Şasenem – Garyp
). Lebziňde durmak
beren sözüňi ýerine ýetirmek,wadaňda tapylmak,
ygrarly bolmak. Arap at meýdanda ýörär, Är bolan
lebzinde durar (
Görogly
). Lebziňden dänmek ser.
Lebziňi ýuwutmak. Sähet aga özüniň lebzinden
dänmejegini aýdýar (
Edebiýat we sungat
). Lebziňi
ýuwutmak eden wadaňda tapylman, ähdiňi bozmak,
lebziňden dänmek, ygrarsyz bolmak.
LEBIZLI [levizli], syp. Eden wadasynda
tapylýan, beren sözünde durýan, durnukly, ygrarly.
Lebizli ýigit.
LEBIZLILIK [levizlilik], at. Lebzi barlyk,
ygrarlylyk.
LEBIZSIZ [levissiz], syp. Lebzi ýok, beren
sözünde durmaýan, ygrarsyz. Lebizsiz adam.
Do'stlaringiz bilan baham: |