LAÝYK [la:ýyk / yla:ýyk], syp. 1. Biçimi bap
gelýän, dogry gelýän. Wepanyň özüne laýyk tikilen
bir laý araçäkçi esgerleriň egin-başyny, papagyny,
ädigini sylag berdi (A. Gowşudow). Her käriň özüne
laýyk täri bar (A. Kekilow). 2.Gabat gelýän, jüpleşip
duran, biri-birine şap bolýan. 3.Bir zadyň başga bir
zat bilen özara gatnaşygy deň, dogry, sazlaşykly,
kybapdaş . Döwrüň talabyna laýyk işlemeli. Her bir
zady kanuna laýyk getirmeli. 4.Dogry, göni, edil,
doly. Ondan bäri laýyk dört ýyl geçdi.
LAÝYKLAMA
[la:ýyklama],
iş
ady.
Laýyklamak ýagdaýy.
LAÝYKLAMAK [la:ýyklamak], işl. 1. Deň
getirmek,
laýyk
etmek,
barabar
etmek,
68
deňlemek. Ülňä laýyklap kesişdirmek. 2. Dogry
getirmek, gönülemek, dogrulamak. Dürbini öz
gözüne laýyklap, eýläk-beýläk gezdiren Annak
seslenenini duýman galdy (B. Kerbabaýew).
LAÝYKLAÝYŞ
[la:ýyklaýyş],
iş
ady.
Laýyklamak ýagdaýy.
LAÝYKLYK [la:ýyklyk], at. 1. Deňeşdirilýän
zadyna laýyk ýagdaýda bolmaklyk. 2. Biri
beýlekisine ýaraşyp durmaklyk, mynasyplyk, baplyk.
Ol, belki, onuň Aýgüle laýyklygy barada hiç bir zat
göwnüne getirmän, diňe işeňňirligini, düşünjesini,
ukybyny öwýändir? (B. Kerbabaýew).
LAÝYKLYKDA [la:ýyklykda], hal. Görä.
LAZER [la:zer], at. Belli bir ýygylykdaky
elektromagnit şöhlelenmesiniň öran ýiti we çalasyn
häsiýetli ýagtylyk şöhlesini almak üçin enjam. Lazer
şöhlesi.
LAZYM [la:zym], hal, k.d. Derkar, zerur, gerek.
Bir posa talap kyldym,
Lazymdyr ölüm
– diýdi
(Mollanepes). Lazym olsa, wah diýmerin, bu janym
bergeý saňa (A. Atabaýew).
LE, bagl., k.d. Bilen, bile. Söweşmegil,
Garajaoglan, pelek le, Gunça düşmez aşyklara dilek
le, Gelin-gyzlar ýaýyk ýaýar bilek le, Sallanyýor
kümüş halhal golunda (Garajaoglan).
Do'stlaringiz bilan baham: |