Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


LAM-JIM [la:m-ji:m]: lam-jim bolmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet124/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   120   121   122   123   124   125   126   127   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LAM-JIM [la:m-ji:m]: lam-jim bolmak ses-seda 
çykmazlyk, geplemezlik, dil ýarmazlyk; sem bolmak, 
sessiz-üýnsüz oturmak, geplemän durmak. Ol gepläp 
bilmän, lam-jim bolaýdy. 
LAMINAT [lamina:t], at. Ýaşaýyş jaýlarynda 
ýere ýazmak üçin berk materialdan ýasalan dürli 
reňkdäki we galyňlykdaky emeli gurnama düşeklik.
LAMPA Iat. Her hili gurluşdaky yşyk, ýylylyk 
berýän elektrik çyrasy. 
LAMPA II: özüňi lampa aşak goýbermek 
birden oturmak.
LAŇ: laň bolmak (durmak) halys ýadamak, 
lütüň çykmak, örän ýadamak. Uzak wagt seni gözläp 
laň boldum. 
LAŇŇA, hal. Birden, çalasynlyk bilen.  
Annatuwak onuň sözüniň soňuny eşitmek islemän, 
laňňa ýerinden galdy (B. Kerbabaýew).
LAŇŇARAat, gepl.d. Dep, deprek. – Seniň öz 
ogluň toýunda-da laňňara bardy diýip, bir ýigit 
märekeden seslendi (

Edebiýat we sungat

). 
Laňňara kakmak 1) dep, deprek çalmak. 
Laňňara kakylyp, tar hem çalyndy (

Garagum

). 2) 
el-aýagyňy hereketlendirip begenmek, şatlanmak, 
heşelle kakmak. 
LAŇŇASY, syp., gepl.d. Ýaňrap, laňňyldap 
ýören. Laňňasy adam. 
LAŇŇYLDAMA 
[laňňyllama], 
iş 
ady. 
Laňňyldamak ýagdaýy. 
LAŇŇYLDAMAK 
[laňňyllamak], 
işl. 
Lakgyldamak. 
LAŇŇYLDAŞMAK
 
[laňňyllaşmak], 
işl. 
Köpçülikleýin laňňyldamak. 
LAŇŇYLDATMAK [laňňyllatmak], işl. Birini
laňňyldamaga mejbur etmek. 
LAŇŇYLDAÝYŞ 
[laňňyllaýyş], 
iş 
ady. 
Laňňyldamak ýagdaýy. 
LAŇŇYLDY 
[laňňylly], 
at. 
Lakgyldy.
Laňňyldyňy bes et! 
LAP [la:p]: lap urmak biderek ýere öwünmek, 
boş güplemek, magtanmak, çişmek, paňlamak. 
Ýüregim sap erer diýp urmagyl lap (Sopy Allaýar). 
Lap etmek hakyky bolşundan ulaldyp aýtmak, 
çişirmek. Çöl ýerde göwre galdyrma, Ol-da hoşdur, 
syr bildirme, Lap edip, dahan doldurma, Jeň nan 
degil diş üstünde (Magtymguly). Lap edip aýtdygym 
däl, kitap tapsa, oňa çöregem gerek däldi (Jürdekow 
T. Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk, 29 s.). Indi 
biziň obamyz tanalmaz ýaly boldy diýip, lap etmän 
aýtmak bolar (

Türkmenistan

). 
LAPBA: lapba gyzmak birden, birbada, çalt, tiz 
gyzmak. Gorkusyndan gözleri petredi, endam-jany 
tamdyra tutulan dek lapba gyzdy (G. Kulyýew).
LAPLAMA 
[lapylama],iş 
ady. 
Laplamak 
ýagdaýy. 
LAPLAMAK [lapylamak], işl. 1. Ýalynlap sesli 
ýanmak, lap-lap edip ýanmak. Ot laplap ýandy. 
2.göç.m. Gyzmak, gyzgynlygy ýokarlanmak, galmak. 
Ýeriň ýüzi laplap gyzdy. 
LAP-LAP, s. ş. aňl. söz. Ot bir peselip, birdenem 
güýçlenip laplap ýananda çykýan sesler we gyzaryp 
emele gelýän şekiller . 
Lap-lap etmek 1) laplamak.Ojakdaky ot lap-
lap edip ýanýardy. 2) gaty gyzdyrmak, ýanyp barmak 
(beden gyzgynlygy hakynda). Onuň gyzgyndan ýaňa 
endam-jany lap-lap edýärdi. 
LAPYKEÇ [la:pykeç], syp. Keýpi bozulan, 
ruhdan düşen. Ol lapykeç bolup kellesini ýassyga 
goýdy.


67 
Lapyny keç etmek biriniň keýpini gaçyrmak, 
keýpini bozmak, janyny ýakmak. Onuň bu 
ýoknasyzlygy hemmeleriň lapyny keç etdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   120   121   122   123   124   125   126   127   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling