Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


LAPYKEÇLIK [la:pykeşlik], at. Lapykeç  ýagdaýda bolmaklyk, keýpi bozuklyk


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet125/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   121   122   123   124   125   126   127   128   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LAPYKEÇLIK [la:pykeşlik], at. Lapykeç 
ýagdaýda bolmaklyk, keýpi bozuklyk. 
LARKARMAK, işl. Giňligi üçin aýakdan 
gaçjak, sypjak ýaly bolmak. Uly köwüş aýagyna giň 
bolup larkaryp durdy. 
LARKY, syp., gepl.d. 1.Goram-gowşak, bedenine 
erk edip bilmeýän. Larky adam. 2. Giňliginden 
aýakdan gaçjak bolup duran. Larky köwüş.  
LARKYLDAMAK [larkyllamak], işl. Lark-lark 
edip durmak, larkyldysy bolmak. Gapy larkyldap dur. 
LARKYLDY [larkylly], at. Araba bijaý ýoldan 
ýörände, petlesi gowşak gapy açylyp-ýapylanda we 
ş.m. çykýan sesiň ady. 
LARK-LARK, s.ş.aňl.söz. Bir zat giň bolanda, 
ýerine barmadyk ýagdaýynda çykýan sesler. 
◊ Lark-lark etmek larkyldamak. 
LARSA: larsa galmak. 1) birden pökgermek, şol 
bada gaty çişmek (ten hakynda). Wüşi kel köýnegini 
ýokaryk çekip, ýagyrnysyny görkezdi, taýagyň degen 
ýeri larsa galyp, ýol bolup durdy (A. Gowşudow). 2) 
göç. m. Birden ösmek. Gyrtyçlar goýnuň kirpigi ýaly 
larsa galdy (

Edebiýat we sungat

). 
LARSA-LARSA: larsa-larsa galmak endamyň 
birnäçe ýeri çişmek (ten hakynda). Endamynyň käýeri 
larsa-larsa galypdyr (A. Gowşudow).  
LARS-LARS, s. ş. aňl. söz. Goýy zat yzygiderli 
gaýnanda çykýan ses. 
Lars-lars etmek gaýnadylýan goýy zadyň 
ýüzünde uly-uly düwmeler döräp, larsyldap 
gaýnamak. Agyrlaç lars-lars edip gaýnaýan toşabyň 
reňki öwrülipdir (B. Kerbabaýew).
LARSYLDAMA 
[larsyllama], 
iş 
ady. 
Larsyldamak ýagdaýy. 
LARSYLDAMAK [larsyllamak], işl. Lars-lars 
edip gaýnamak. Goýalyp başlan toşap larsyldap 
gaýnap dur. 
LARSYLDAŞMAK 
[larsyllaşmak]. 
işl. 
Köpçülikleýin lasyrdamak. Toý ýerinde ýarma 
bişýän äpet gazanlar larsyldaşyp gaýnaýardy. 
LARSYLDATMAK 
 
[larsyllatmak], 
işl. 
Larsyldyly gaýnatmak. Larsyldadyp toşap 
gaýnatmak. 
LARSYLDAÝYŞ 
 
 
[larsyllaýyş]. 
işl. 
Larsyldamak ýagdaýy. 
LARSYLDY [larsylly]. at. Bişirilýän zat gaýnap 
goýalanda çykýan sesiň ady. Gaýnap duran 
mürepbäniň larsyldysy eşidilýärdi. 
LASYRDAMAK, işl. Lasyrdyly ses bilen gaty
gaýnamak, lasyr-lasyr etmek Soňra lasyrdap duran 
tüňçäni göterip, bir çetde goýdy (G. Kulyýew). 
LASYRDAŞMAK
işl. 
Köpçülikleýin 
lasyrdamak. Gazanlar lasyrdaşyp gaýnap dur. 
LASYRDATMAK, işl.1. Lasyrdyly gaýnatmak. 
2. göç. m. Gaty gyzdyrmak, ýakyp barmak (gün 
hakynda). Beýnileri lasyrdadýan günüň gyzgyndan 
beter, gumuň petiş howry ýürege urýardy (B. 
Kerbabaýew).
LASYRDAÝYŞ iş ady. Lasyrdamak ýagdaýy. 
LASYRDY, at. Bişirilýän nahar lasyr-lasyr edip 
gaty gaýnanda çykýan sesiň ady. 
LASYR-LASYR, s.ş.aňl.söz. Goýy suwuklyk, 
nahar gaty gaýnanda yzly-yzyna çykýan sesler. 
Lasyr-lasyr etmek ser. Lasyrdamak. 
Çopanyň gazanjygy lasyr-lasyr edip gaýnaýardy (B. 
Kerbabaýew). 
LATYN [laty:n]: latyn dili Gadymy Rimde ýaşan 
halkyň dili. Latyn elipbiýi 1) latyn diliniň elipbiýi; 
2) latyn elipbiýine esaslanýan elipbiý. 
LATYNÇA [laty:nça], hal. 1. Latyn dilinde. 
Latynça ýazgy. 2. Latyn elipbiýinde, latyn harpynda 
ýazylan. 
LATYNLAŞDYRMAK [laty:nlaşdyrmak], işl. 
Latyn elipbiýiniň esasynda elipbiý döretmek. 
LATYŞ [laty:ş], at, ser. Latyşlar. 
LATYŞLAR [laty:şlar], at. Latwiýanyň esasy 
ilatyny düzýän halk. 
LAÝ [la:ý] I, at. 1. Suwag üçin ýörite edilen 
palçyk. Özi bolsa laý edip, ojakdyr tamdyr ýasady 
(

Edebiýat we sungat

). 2. Suwuň köp ýatan ýerinde 
emele gelen palçyk, lüýk we olaryň syçrantgysy. 
Ýap-ýaňyja geýimlerini geýdirip goýberipdim welin, 
eýýäm laý edipdir (Ö. Abdyllaýew). 3. Jaý, haýat 
salmak, kerpiç guýmak üçin toýundan taýynlanan, 
agdarylyp eýlemi ýeten ýörite palçyk. Bagyň daşyna 
laýdan üç pagsa haýat çekilipdi (

Garagum

). 4. 
Dury bolmadyk, bulanyk. Al şeraba el uzatdym, 
emendim, Durusyn içmişler, laýa sataşdym 
(Magtymguly). 
Laýa batmak çykgynsyz ýagdaýa düşmek, 
heläk bolmak. Ömür saly laýa batar, Günbe-günden 
derdi artar (Magtymguly).

LAÝ [la:ý] II: bir laý boýdan-başa, başdan-aýak; 
bir ýola, bir gezek. Maşynyň töwereginde öwelişip 
duran bize bir laý göz gezdirdi (R. Gelenow). Bir
laý (geýim hakynda) geýilýän eşiklerden bir sanysy. 
Çalşyrgyjy zady bolmaz, ähli geýimi ýeke laýdy (K. 
Gurbannepesow). Ol inisine bir laý kostýum-balak 
satyn aldy.
LAÝÇY [la:ýçy], at. Laý edýän adam, laý işi 
bilen meşgul bolýan işçi. Ärnazar işan hem şol wagt 
ak sakgalyny sypap, bagana possunyny ýelbegeý 
alyp, laýçylaryň ýanynda tomaşa edip ýördi 
(

Türkmen halk ertekileri

).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   121   122   123   124   125   126   127   128   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling