LEMMERLENIŞ, iş ady. Lemmerlenmek
ýagdaýy.
LEMMERLENMEK,
işl.
Lemmer-lemmer
bolmak, üsti-üstüne üýşmek, gat-gat bolmak.
Asmanda bulutlar lemmerlenýärdi.
LEMMI-LEMMI: lemmi-lemmi etmek agzyň
gowuşmaýan ýaly bolgusyz hem köp geplemek,
ugursyz gürläp oturmak. Hemmesi hem seniň
özüňdendir-le, baran ýeriňde lemmi-lemmi edip
oturansyň, häli men gitsem, boş gelmejegim-ä bilýän
(A. Durdyýew).
LENÇ: lenç bolmak bizar bolmak, irmek,
ýadamak, halys bolmak. Aladadan ýaňa lenç bolmak.
Lenç etmek bir aýdylan zady gaýtalap durmak,
gaýtalap ýürege düşmek, halys irizmek, ýagyr etmek.
Lenç edilmek 1) basgylanyp torç edilmek,
depelenmek. Hüjüm edip çar tarapdan kän ýagy,
Lenç edildi depeleriň topragy (A. Kekilow). 2) Öň
gaty köp ýüzlenilen, ýazylan. Hekaýa lenç edilen
tema bagyşlanypdyr.
LENTA [le:nta / lente], at. 1. Insiz zolak mata. 2.
Her hili materialyň insizje zolagy. Kagyz lentasy.
Kino lentasy.
LEŇ, syp., k. d. Agsak, keýtik. Biliň buruk,
aýagyň leň (Zynhary).
LEŇKE, at. Köplenç, düşekçe we ş.m. tikilýän
zolakly berk nah mata.
LEŇKEBUT [leňkevu:t], at. Aýaklary uzyn,
göwresi tokgaja, kerepden tor ýasaýan, siňek awlap
ýaşaýan möýe meňzeş mör-möjek.
LEŇKILDEME
[leňkilleme],
iş
ady.
Leňkildemek ýagdaýy.
LEŇKILDEMEK [leňkillemek], işl. Leňk-leňk
edip ýöremek, keýtiklemek; towsaklaýan ýaly edip
çaltrak ýöremek.
LEŇKILDEŞMEK [leňkilleşmek], işl. Köp
bolup leňkildemek.
Süriniň agsak-towsaklary
leňkildeşip, süýrenişip barýardy.
LEŇKILDETMEK [leňkilletmek], işl. Leňkildär
ýaly sürmek, leňkildemäge mejbur etmek. Kel hem
batyr agsak ýabyny leňkildedip:–Hany biz näme iş
bitirýäris!– diýip ugrady (
Türkmen halk ertekileri
).
Do'stlaringiz bilan baham: |