Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet138/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   134   135   136   137   138   139   140   141   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LOKGA [lokgo], syp. 1. Bir tutuş bölek, tokga, 
togalak. Lokga palçyk. 2. göç. m. Etli-ganly, semiz, 
doly, dolmaç. Ol orta boýly, inedördül, ullakan kellesi 
iki egniniň üstüne boýunsyz berkidilen ýaly lokga 
adamdy (

Garagum

).
LOKGALAMA 
[lokgolomo], 
iş 
ady. 
Lokgalamak ýagdaýy.
LOKGALAMAK [lokgolomok], işl.Lokga-lokga 
etmek, bölüşdirip lokga etmek, tokga-tokga etmek, 
tokgalamak. 
LOKGALANMAK [lokgolonmok], işl. Lokga 
tutmak, tokgalanmak.
LOKGALAŞMAK 
[lokgoloşmok], 
işl.Lokgalamaga kömekleşmek, tokgalaşmak. Logala 
lokgalaşmak. 
LOKGALATMAK [lokgolotmok], işl. Lokga-
lokga etdirmek, tokgalatmak. Düýä bermek üçin 
logala lokgalatmak. 
LOKGALAÝYŞ 
[lokgoloýuş], 
iş 
ady. 
Lokgalamak ýagdaýy.
LOKGA-LOKGA [lokgo-lokgo], syp. Birnäçe 
lokgalara bölünen, lokga tutan, tokga-tokga (köp zat 
hakynda). Ýaýmak üçin lokga-lokga hamyr bölünip 
goýuldy.
LOKGULDAMA 
[lokgullomo], 
iş 
ady. 
Lokguldamak ýagdaýy.
LOKGULDAMAK [lokgullomok], işl. Lok-lok 
edip gülmek, ýogyn ses bilen gaty gülmek. Hatda 
onuň diňe bir sözüne däl, hereketine çenli üns berýän 
başlyk ýogyn ses bilen lokguldap güldi (B. 
Kerbabaýew).
LOKGULDAŞMAK 
[lokgulloşmok], 
işl.Bilelikde, köp bolup lokguldap gülmek.
LOKGULDAÝYŞ 
[lokgulloýuş], 
iş 
ady. 
Lokguldamak ýagdaýy.
LOKGULDY [lokgully], at. Lok-lok edip 
gülnende çykýan sesiň ady.
LOK-LOK, s.ş.aňl.söz. Ýogyn sesli gülnende 
çykýan sesler (ser. Loh-loh). – Arman, saçyň irräk 
çalarypdyr-da  diýip, aýalyna degdi-de, lok-lok edip 
güldi (

Garagum

).
LOKGY-LOKGY [lokgu-lokgy], at,gepl.d., ser
Nokgy-nokgy. Goýsana sen beri lokgy-lokgyňy, 
Gömül ýeriňe, az et hykgy-pykgyňy (A. Kekilow).
LOKURDAMA 
[lokurdomo], 
iş 
ady
Lokurdamak ýagdaýy.
LOKURDAMAK [lokurdomok], işl.Lokur-lokur 
edip ses çykarmak, lokurdyly seslenmek. Tokurtga 
lokurdap suw gidýärdi
LOKURDATMAK [lokurdotmok], işl.Lokur-
lokur etdirmek, özüňe sorup, lokurdyly ses çykarmak. 
Ullakan çilim elden-ele geçýär, her kim öz gezeginde 
lokurdadyp sorýar (A. Gowşudow).
LOKURDAÝYŞ 
[lokurdoýuş], 
iş 
ady. 
Lokurdamak ýagdaýy.
LOKURDY, at. Suw tokurtga ýa-da bir hine
deşige we ş.m. gidende çykýan sesiň ady.
LOKUR-LOKUR, s. ş. aňl. söz. Suw güýçli 
akyp, tokurtga, deşige ýa-da hine gidende çykýan 
sesler.
LOM [lo:m], at. Ýer işlerinde ýeri gazmak, daş 
goparmak we ş. m. üçin ullakan taýak ýaly ujy çiş 
demir. Ýabyň düýbüniň buzuny lom bilen döwýärler 
(B. Seýtäkow). 
LOMAÝ [lomoý], syp.Köp sanda, köp mukdarda, 
tutuş, tutuşlaýyn, durşuna. Lomaý söwda etmek.  
LOMAÝLYGYNA [lomoýluğno], hal. Lomaý 
görnüşde, tutuşlygyna, bitewüligine, tutuşlaýyn. 
Lomaýlygyna söwda etmek.
LOŇK: loňk etmek duran ýeriňden başga ýere 
ýeňil towusmak, bir ýerden ikinji ýere bökmek (guş 
hakynda). Ol loňk edip eýläme geçdi, beýläme geçdi, 
iň soňunda meni ölüdir hasap etdi (B. Kerbabaýew).
LOŇK-LOŇK, s. ş. aňl. söz. Maýdalyňa 
ylganyňda ýa-da bökübräk gaty ýöräniňde emele 
gelýän hereketiň şekili.  
Loňk-loňk etmekser. Loňkuldamak. Ilki 
ýüzüni sallap, soň loňk-loňk edip, hojaýynyň alnynda 
dikilgazyk boldy (A. Nazarow).
LOŇKUDYK-LOŇKUDYK 
[loňkuduk-
loňkuduk], s.ş.aňl.söz. Eşegiň yzygiderli loňkuldap 
ýöreýşiniň bir görnüşi.
LOŇKULDAMA 
[loňkullomo], 
iş 
ady. 
Loňkuldamak ýagdaýy.
LOŇKULDAMAK [loňkullomok], işl. 1. Loňk-
loňk edip maýdalyňa ylgamak ýa-da bökübräk gaty 
ýöremek, loňkudyk-loňkudyk edip gitmek. Bir gezek 
eline çekijini alyp, bir gezek gysajyny alyp, körügi 
bilen sandalynyň arasynda iki ýana loňkuldap ugrady 
(A. Gowşudow). 2. Arabanyň ýa-da haýsy hem bolsa 
bir ulagyň üstünde aşak-ýokary galyp, loňk-loňk edip 
oturmak. Onuň göwnüne ol köp wagt bäri arabanyň 
üstünde loňkuldap gelýän ýalydy. 3. göç. m. Biriniň 
öňünden ylgamak, biriniň göwnünden turjak bolup 
çalyşmak, ýaranjaňlyk etmek. Nogtaňy haýsy ýana 
silksem, senem şol tarapa loňkuldap gidersiň (N. 
Pomma).
LOŇKULDAŞMAK [loňkulloşmok], işl. Köp 
bolup, bilelikde loňkuldamak. Daýaw ýabylar bir 
sydyrgyn loňkuldaşyp barýardylar (B. Gulow).
LOŇKULDATMAK 
[loňkullotmok], 
işl.Loňkuldyly sürmek, loňk-loňk etdirip ýöretmek. 
Töweregine höwes bilen garap, agta ýabysyny 
loňkuldadyp barýardy (G. Kulyýew).
LOŇKULDAÝYŞ 
[loňkulloýuş], 
iş 
ady. 
Loňkuldamak ýagdaýy.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   134   135   136   137   138   139   140   141   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling