Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
MANYLYLYK [ma:nylylyk / ma:ny:lylyk], at. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- MANYSYZLAŞMA [ma:nysyzlaşma / ma:ny:syzlaşma], iş ady. Manysyzlaşmak ýagdaýy. MANYSYZLAŞMAK
- MANYSYZLYK
- MAŇKA II
- MAŇKALAMAKLYK
- Maňlaýdakyny görmek
- Maňlaýy gara
- Maňlaýyndan çykmak
- Maňlaýyň ak (açyk) bolsun! bagtly bol, alnyň-bagtyň açyk bolsun diýen manydaky alkyş. Maňlaýyňa sylmak (sürtmek)
- Maňlaýyňa urmak
MANYLYLYK [ma:nylylyk / ma:ny:lylyk], at. 1.
Manysy, mazmuny barlyk, özenlilik. 2. Öwüt- nesihatlylyk, täsirililik. MANYSYZ [ma:nysyz / ma:ny:syz], syp. 1. Mazmuny, manysy bolmadyk, mazmunsyz, maňyzsyz. Gurt özüniň gürrüňini manysyz aýtmaýardy (A. Gowşudow). 2. Ähmiýetsiz, peýdasyz, biderek, täsirsiz. Indi garşylyk görkezmek manysyz diýjek ýaly etdi (A. Gowşudow).3. Hiç zat aňlatmaýan, biperwaý, sowuk-sala, hiç esassyz; ýöne. Garry gür gaşlaryny ýokary göterdi, Täzegülüň ýüzüne manysyz seretdi (B. Seýtäkow). MANYSYZLAŞDYRMAK [ma:nysyzlaşdyrmak / ma:ny:syzlaşdyrmak], işl. Manysyny, mazmunyny, ähmiýetini kemeltmek, manysyny ýitirmek. Munuň özi bolsa şol hadysalary ýoýmaklyga, manysyzlaşdyrmaga alyp barýar. MANYSYZLAŞMA [ma:nysyzlaşma / ma:ny:syzlaşma], iş ady. Manysyzlaşmak ýagdaýy. MANYSYZLAŞMAK [ma:nysyzlaşmak/ ma:ny:syzlaşmak], işl. Many-mazmundan mahrum bolmak, manysyny, ähmiýetini ýitirmek. MANYSYZLYK [ma:nysyzlyk / ma:ny:syzlyk], at. 1. Manysy, mazmuny ýokluk, mazmunsyzlyk. Hekaýanyň manysyzlygy. 2. Ähmiýetsizlik, peýdasyzlyk, täsirsizlik. 80 MAŇ, at. Dört ýaşyndaky goýun. Käbir maňy bolsa guýrugyndan gop berip galdyrmaly (B. Kerbabaýew). MAŇGYRSAK [maňňyrsak] I, at. Dört ýaşdan ýokary geçen erkeç. MAŇGYRSAK [maňňyrsak] II, at. Itüzümler maşgalasyna degişli köpýyllyk zäherli ösümlik. MAŇKA I, at, gepl.d. Burundan gelýän goýy suwuklyk, sümük. Ýeri how, maňkaňy oňaraňok weli, zol Gurban diýip dursuň-la! (A. Durdyýew). MAŇKA II, at, maldarç. Haýwanlara degýän ýokanç kesel. Mallarda maňka, agsyl keselleri duş gelýär. MAŇKALABERMEK [maňkala:vermek], işl. Maňka keseli ýokuşyp başlamak. MAŇKALAMA, iş ady. Maňkalamak ýagdaýy. MAŇKALAMAK, işl., maldarç. Maňka keseli degmek, maňka keseli bilen kesellemek. Goýunlaryň birnäçesi maňkalapdyr. MAŇKALAMAKLYK, iş ady. Maňkalamak ýagdaýy. MAŇKALAÝYŞ, iş ady. Maňkalamak ýagdaýy. MAŇLAÝ, at. 1. Adamyň kellesiniň gaş bilen saçynyň, haýwanyň göz bilen şah çykar ýeriniň aralygyndaky ýer, alyn. Maňlaýy bir garyş, bolsun at ýüzli, Tawus guş simaly, ütelgi gözli (Magtymguly).Ylaýta-da onuň giň maňlaýy, mydama ýylgyrmaga taýyn duran mylaýym ýüzi oňa ýarady (B. Seýtäkow). 2. Käbir zadyň öň ýüzi, alyn tarapy. Jaýyň maňlaýyndaky mähnet sagadyň peýkamlary dokuza golaýlaýany üçin, tamyň ikinji gatyna çalasyn dyrmaşýardylar (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Bagt, ykbal, ýazgyt, täleý. Maňlaýa ýazylmak (çyzylmak) geljegiň öňünden belli edilip goýulmak, täleýde bar bolmak. Näme-de bolsa maňlaýa ýazylandyr, ondan gaçyp gutulmak bolmaz (B. Seýtäkow). Maňlaýdakyny görmek ykbalyňa kaýyl bolmak, ýazgydyňa gelenini başdan geçirmek. Ahyry bolmasa, senem maňlaýdakyny gör ( Görogly ). Maňlaý deriňi saçmak der döküp zähmet çekmek, köp işlemek. Maňlaý işi bagt, täleý, ýazgyt işi. Aý, bu zatlar maňlaý işi-dä! Maňlaýy açylmak biri bilen durmuş gurmak, bagtyň açylmak. Maňlaýy gara bagtsyz, işi şowuna düşmeýän, şor maňlaý. Maňlaýy gaty ser. Maňlaýy gara. Maňlaýy kessir bermek göni maňlaýyna urmak. Maňlaýyna ýelmemek 1) açyk aýtmak, diýmek, aýbyny, etmişini göni ýüzüne diýmek. 2) bir zady gaharly eltip bermek, üstüne zyňmak. Şol kagyzynam maňlaýyna ýelmäp gaýtsana! Maňlaýyndan çykmak biri ýa-da bir zat duş gelmek, ýazgyda görä sataşmak, duçar bolmak (köplenç, durmuş gurmaly bolan äriň ýa-da aýalyň hakynda). Maňlaýyndan diremek kömeketmek, ýardam bermek, kyn günde goldamak, alnyndan diremek; kyn ýagdaýda hossar çykmak, hemaýat etmek. Maňlaýyň ak (açyk) bolsun! bagtly bol, alnyň-bagtyň açyk bolsun diýen manydaky alkyş. Maňlaýyňa sylmak (sürtmek) ýagşy niýeti, gowy zady özüň üçin arzuw etmek, bize-de ýetirsin diýen umytda bolmak. Maňlaýyňa urmak ser. Maňlaýyňy ýumruklamak – Al gerek bolsa saňa! – diýip, maňlaýyna urdy-da, oturgyja özüni goýberdi (H. Derýaýew). Maňlaýyňy çytmak 1) bir zada närazy bolmak, närazylyk bildirmek, razylaşman nägile bolmak. 2) birzady kyn görmek. Hakykatdan-da, şol sözi eşiden gelniň maňlaýy biraz çytylyp, gözleri buldurap göründi (B. Kerbabaýew).Maňlaýyňy diremek hemaýat üçin bir ýere ýüz tutmak, goldaw bolar diýen umyt bilen bir ýere, biriniň ýanyna baryp synanyp görmek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling