Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet149/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   145   146   147   148   149   150   151   152   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAR [ma:r], at, k.d. 1. ser. ÝylanAždarhadyr, 
marlarydyr güwlener, Aýrak goç, ak maral munda 
suwlanar (Misgingylyç). 2. Köplenç, nusgawy 
edebiýatda gyzyň saçy ýylana meňzedilip ulanylýan 
şahyrana meňzetme. Illere meşhur edip, indi gözden 
salypdyr, Çyn owsunjy-şahyrym, syýa saçy mar meni 
(Zelili). 
MARAL, at. 1. Ene keýik ýa-da towşan. Maral 
towşan. 2.Gyza dakylýan at. 
MARDOP [mardo:p], syp., gepl.d. Goýy gyzyl-
goňrumtyl reňk. 
MARGIR [ma:rği:r], at, k.d. Ýylan tutýan adam, 
ýylançy. Aşyk ýansa ol ýar üçin, Margir ýörse şamar 
üçin, Ýigitler namys-ar üçin, Ata çykar merdanadyr 
(Magtymguly). 
MARKA [ma:rka / marka], at. 1. Poçta we 
beýleki käbir döwlet ýygymlarynyň töleg birligini 
görkezýän, ýüzi suratly we bahasy görkezilen kiçijik 
dörtburç kagyzjyk. 2. Önümiň, harydyň ýüzüne onuň 
çykan ýerini, kärhanasyny, hilini we ş.m. görkezmek 
üçin ýelmenýän belgi. 3. Ýewropa birleşiginde ýewro 
puluna 
geçilmezinden 
öň 
Germaniýada, 
Finlýandiýada hereket eden pul birligi.
MARKALAMAiş ady. Markalamak ýagdaýy..
MARKALAMAK, işl. Bukjalara, önümlere 
marka ýelmemek, marka, belgi goýmak. Önümleri 
markalamak
MARKALAMAKLYK, iş ady. Markalamak 
ýagdaýy. 
MARKALAÝYŞiş ady. Markalamak ýagdaýy. 
MARS, at. Göwrümi Ýeriň göwrüminiň altydan 
birine we massasy Ýeriň massasynyň dokuzdan 
birine golaý bolan, Günden uzaklygyna görä dördünji 
orunda ýerleşýän, seýrek atmosferaly planeta.
MARŞ, at.1. Hatarda nyzam bilen ýöreýiş täri. 
Ýaňlandy aýdymly saz, Hem marş bilen etdik ýöriş 
(B. Kerbabaýew). 2. Hatarda nyzam bilen dabaraly 
ýöreýiş äheňine sazlaşykly ýazylan saz eseri. 
Orkestriň çalýan marşyna aýaklaryny goşup, gyzlar 
meýdançanyň bir çetinden girip ugradylar (T. 
Gurbanow).  
MARŞAL 
[ma:rşal], 
at. 
Ýokary 
goşun 
düzümindäki harby gullukçylara goşun generaly 
derejesinden soň berilýän harby at. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   145   146   147   148   149   150   151   152   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling