MAÝYP-MÜJRÜP [ma:ýyp-müjürüp], syp.,ser.
Maýyp.
MAÝYRMA, iş ady. Maýyrmak ýagdaýy.
MAÝYRMAK, işl. 1.Agyr zähmet, kesel ýa-da
başga zat sebäpli aýagyna, biline zeper ýetirmek,
maýryk etmek. 2.göç.m. Agyr durmuş, gaýgy, gam-
gussa sebäpli saglygyna zeper ýetirmek, sandan
çykarmak.
MAÝYŞGAK [maýyşğak], syp. Aňsatlyk bilen
eplenip, bükülip, iki ýana ýaýkanyp bilýän,
döwülmezek, çeýe, ýaý berýän.
MAÝYŞGAKLYK [maýyşğaklyk], at. Maýyşgak
ýagdaýda bolmaklyk, maýyşgak häsiýetlilik, çeýelik.
MAÝYŞMAK, işl., ser. Maýşarmak.
MAZA [maza:], at. 1. Bir zatdan alynýan lezzet,
keýpi-sapa, hezillik, eşret. Seniň mazaňy bermez
bagyň engury, dilber (Mätäji). 2. Bir zat bilen
baglanyşykly ýüze çykýan ynjalyk, dynçlyk,
rahatlyk. Öň sorkuldap mazamy alar durardy, indi
janym hezil edinäýdi (B. Pürliýew).
Mazasy gaçmak 1) bir ýeriň, ýurduň ýa-da bir
zadyň ugry, gyzygy, lezzeti gaçmak, erbetleşmek.
Ötdi aýralyk yzasy, Gaçdy Hywanyň mazasy (Zelili).
2) biriniň bir zat sebäpli ugry bolmazlyk, sussy peslik
etmek, keýpi uçmak, ynjalygy gaçmak. Mazasy
ýokluk 1) bir zadyň ugry ýokluk, gowy dällik,
ýaramazlyk. Bu ýyl howaň mazasy ýok (
Edebiýat we
sungat
). 2) saglyk taýdan ugry ýokluk, sagat dällik,
ýaramazlyk, hezili ýokluk, ynjalygy ýokluk.
Syrkawyň soňky günler mazasy ýokdy.
MAZALY [maza:ly] I, syp. 1. Maza, lezzet
berýän, şypaly, sapaly, eşretli. Kaddy şemşat erur
serwi mysaly, şekerden her sözi, belki, mazaly
(Şabende). 2. Oňat, gowy, asylly, edep-ekramly.
Annaguly içinden:
Öz-ä mazaly maşgala ekeni
diýip, gaýta-gaýta syn etdi (A. Durdyýew). 3.
Tagamly, süýji. Lebleri şekerden mazaly geldi
(Magtymguly). 4.
Oňat boldy
,
hernä
ýaly
manylarda ulanylýan giriş sözi. Mazaly, özüň
geläýdiň.
Do'stlaringiz bilan baham: |