Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
MAŞGALALYLYK
[maşğalalylyk], at. Maşgalasy barlyk, maşgalaly bolmaklyk (ser. Maşgala: 1 we 2 manylary boýunça). MAŞGALASYZ [maşğalasyz], syp. Maşgalasy ýok, maşgalaly däl (ser. Maşgala: 1 we 2 manylary boýunça). MAŞGALASYZLYK [maşğalasyzlyk], at. Maşgalasyz ýagdaýda bolmaklyk, maşgalaly dällik, maşgalasy ýokluk. (ser. Maşgala: 1 we 2 manylary boýunça). MAŞK [maşyk], at. Açyk howada ýerine ýetirilýän beden hereketleri. Maşk etmek beden hereketlerini ýerine ýetirmek. MAŞRYK [maşyryk], at, kön.s. 1. Gündogar, ýokary tarap, garşylykly manyly antonimi: magryp. Magrypdan maşryga ýeten erenler, Aşyk magşugyna ýetişermikän? ( Saýatly – Hemra ). 2. Oglana dakylýan at. MAŞŞARMA, iş ady. Maşşarmak ýagdaýy. MAŞŞARMAK, işl., gepl.d. Agram düşüp ýepbeşmek, ýemşermek, maşşyk görnüşe geçmek. 83 MAŞŞARMAKLYK, iş ady. Maşşarmak ýagdaýy. MAŞŞARTMAK, işl., gepl.d. Agram salyp, agramyňy atyp we ş.m. hereketler edip ýemşertmek; aşak çökermek. Maşyn aşagynda galan tüňňüri maşşardypdyr. MAŞŞARYLMAK, işl., gepl.d., ser. Maşşarmak. Bedre maşynyň tigriniň aşagynda galdy-da maşşaryldy. MAŞŞARYŞ, iş ady. Maşşarmak ýagdaýy. MAŞŞYK, syp. Maşşaryp, ýemşerip duran, ýepbeşen. Maşşyk burunly adam. MAŞŞYKLYK, at. Maşşyk, ýemşik bolmaklyk, ýemşiklik. MAŞYN [maşy:n], at. 1. Bir peýdaly işi amala aşyrýan çylşyrymly mehanizm ýa-da mehanizmleriň jemi. Kir ýuwulýan maşyn. Gap ýuwulýan maşyn. Tikin maşyny. 2. gepl.d. Awtoulag. Uçaryň ýanyna her tarapyndan birnäçe maşyn gelip daýanýar ( Türkmenistan ). MAŞYNLY [maşy:nly], syp.,hal. 1. Maşyny bar. Maşynly öz maşynyna mündi. 2. gepl.d. Maşyna münüp, maşyn bilen, awtoulagly. Ol Marydan maşynly gelipdir, otla münmändir. MAŞYNKA [maşy:nka], at. 1. Hat ýazmak üçin ulanylýan mehaniki gural. Maşynkada çap etmek. 2. Dellekçiniň saç bejeryän ýa-da syrýan guraly. Maşynka bilen saç syrmak. MAŞYNKAÇY [maşy:nkaçy], at. Maşynkada hat ýazýan adam. MAT [ma:t]: mat bolmak 1) ölmek, ýok bolmak. Dostlarymyz şat bolsun, duşmanymyz mat bolsun (Alkyş-dileg). 2) intizar bolmak, gamly-gussaly bolmak. Magtymguly zar aglapdyr mat bolup, Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla (Magtymguly). 3) küşt oýnunda: utulmak, ýatmak. Mat etmek (eýlemek) 1) öldürmek, ýok etmek. Gamgyn bolma gözel şahym, şol duşmany mat eýlär men ( Görogly ). 2) küşt oýnunda: utmak, şasyny ýatyrmak. MATA [mata:], at. Geýim-gejim üçin dokalan ýüň, ýüpek, nah önüm. Çäýnegiň bolsa her sapar içini-daşyny ýuwup, arassa mata bilen süpürmelidi (B. Seýtäkow). Onuň egninde ýüň matadan tikilen keltekçe, mahmal jiltge bardy (G. Kulyýew). MATAL, at. Türkmen halk döredijiliginde manysyny pikirlenip tapmaly soragly tapmaça. Matal otarmak 1) matal aýdyşyp, manysyny pikirlenip tapmak. Hangulularyň öýlerine üýşerdik, erteki aýdyşardyk, matal otarardyk (N. Saryhanow). 2) ýerliksiz zatlary aýdyp oturmak, bolar-bolmaz zady samramak, takal okamak, biderek gürrüň edip wagt geçirmek. Akmaýa, seniň söz urşuň matal otaran ýaly bir hili gümürtik (B. Kerbabaýew). MATALYK [mata:lyk], syp. Mata dokar ýaly, mata dokamak üçin gerekli. Matalyk ýüplükler. MATAM [ma:tam], at. Ölüm-ýitim bilen baglanyşykly gynançly, gussaly ýagdaý, ýas. Gandym awçynyň söýgüli agtygy Myradyň frontda dereksiz ýitendigi hakyndaky habar onuň maşgalasynyň ähli agzalaryny çuňňur matama batyrýar (A. Gowşudow). Matam tutmak (baglamak) ýasly bolmak, gara geýnip ýas baglamak, ýas tutmak. Matam tutup, gara geýnip, Urunma sen iki ýana (Ç. Aşyrow). MATA-MARLAK [mata:-marlak], at. ser. Mata. Girdeji paýlananda mata-marlak hem-de gök önümler ýetdi (A. Gowşudow). MATAMHANA [ma:tamha:na], at, k.d. Ölüm- ýitimli, ýasly, matamly ýer, ýas tutulýan öý. Bu köňlüm takat bermez matamhana saraýda (Mollanepes). MATAMLY [ma:tamly], syp. Ölüm-ýitimli, ýasly; ýas, matam tutýan. Matamly ýagdaý. Matamly bolmak. MATAMSARAÝ [ma:tamsaraý], at, k. d., ser. Matamhana. Bilerem, ezelden beýledir takdyr, Bu biwepa dünýe matamsaraýdyr (Andalyp). MATEMATIKA [matema:tika], at. 1. Ululyklaryň, sanlaryň mukdar gatnaşygyny hem-de giňişlik görnüşlerini öwrenýän ylymlaryň jemi. 2. Orta, ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan sapak, ders. MATEMATIKAÇY [matema:tikaçy], at. Matematikadan hünärmen. MATERIAL [matyrýa:l], at. Bir zat ýasamak üçin ulanylýan zatlar, çig mal. Gurluşyk materiallary. MATERIK [materi:k], at, geogr. Daş-töweregini deňiz we ummanlar ýuwýan uly gury ýer giňişligi. MATERIÝA [mate:riýa], at, filos. Älem-jahanda bar bolan ähli zatlar, jisimler. MATLAP, at, ser. Maksat. Aman aga sözümi böldi-de, öz matlabyny aýtdy (Jürdekow T. Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk, 163 s.). – Ol näme üçin oglum? – diýip, onuň matlabyny düşünmezlige saldy (G. Kulyýew). MATLAPLY, syp., ser. Maksatly. MATLAPLYLYK, at, ser. Maksatlylyk. MATLAPSYZ, syp.,ser. Maksatsyz. MATLAPSYZLYK, at, ser. Maksatsyzlyk. MAW [ma:w], s.ş.aňl.söz. Pişigiň mawlaýan sesi. Pişik maw edip, çatmanyň agzyna geldi. MAWARMAK [ma:wormok], işl. Mawy reňke öwrülmek, mawy bolmak. Asman mawaryp başlady. Asmanyň bulut syrylan ýeri mawaryp görünýärdi. MAWARTMAK [ma:wortmok], işl. Mawy reňke öwürmek, mawy reňk çalmak. MAWARYŞ [ma:woruş], iş ady. Mawarmak ýagdaýy. Asmanyň kem-kemden mawaryşyny synlamak gyzyklydy. MAWLAMA [ma:wlomo], iş ady. Mawlamak ýagdaýy. MAWLAMAK [ma:wlomok], işl. Maw-maw edip seslenmek (pişik hakynda). Pişik dogumlanýar, artýar hyýaly, Ol mawlap başlady, üýtgedi päli (P. Körpäýew). MAWLAMAKLYK [ma:wlomokluk], iş ady. Mawlamak ýagdaýy. MAWLAMAZLYK [ma:wlomozluk], iş ady. Mawlap seslenmezlik. 84 MAWLAŞMAK [ma:wloşmok], işl. Ýerli-ýerden mawlamak, birnäçe bolup mawlamak. Pişikler mawlaşýardylar. MAWLATMAK [ma:wlotmok], işl. Maw-maw etdirmek, maw-maw etdirip gygyrtmak. Pişigi mynçgap mawladyp oturmasana! MAWLAÝYŞ [ma:wloýuş], iş ady. Mawlamak ýagdaýy. MAWUJA [ma:wujo], at. 1. Deňiz suwlaryndaky kükürt kislotasynyň käbir duzunyň ady. 2. Bejermek maksady bilen tene çalynýan ýasyl reňkli spirtli suwuklyk. Mawuja basylan ýaly bolmak bir zadyň güýçli täsirine çydaman, hereketi artmak. Edil mawuja basylan ýaly diriň-diriň bökdüribermezmi? (N. Pomma). MAWUMTYL [ma:wumtul], syp. Çala mawy owüsýän (reňk hakynda). Çala mawumtyl öwüsýän garamtyl gözleri enaýy oýnaýardy (B. Kerbabaýew). MAWUMTYLRAK [ma:wumtulura:k], syp. Mawumtyl reňke ýakynrak, mawumtyl öwüsýän. MAWUT [ma:wut], at. Syk dokalan, ýüz tarapy tüýjümek galyň ýüň ýa-da ýarym ýüň mata. Öýländen bäri elde tikilen küti mawut çäkmenini başyna büräp ýatan Seýdi çopan ukudan oýandy (B. Gurbanow). MAWY [ma:wy], syp. 1. Ýiti açyk gögümtil reňkli. Ak bulut, mawy asman, ýaşyl beýewan sazlaşýar ( Türkmenistan ). 2. Oglana dakylýan at. Mawy ýangyç ýangyç üçin ulanylýan tebigy gaz. MAÝ, at. 1. Belli bir wagt aralygy, salym, pursat. Garaşyp oturmaga maý ýokdy. 2. Çeme, tagaşyk, maýaç. Ol iki ýana urnup, özüniň gollaryny giň germäge maý gözleýärdi (G. Kulyýew). 3. Amatly ýagdaý, mümkinçilik. Maý almak pursat aramak, bat almak, çemelenmek. Garawul hem ogryn basyp, tamyň düýbüni syryp, aralykdan boýnuny uzatjak adamyny peýläp, bir ädim ara goýup maý aldy (A. Gowşudow). Maý bermezlik mümkinçilik bermän, öňüni böwetlemek, amatly ýagdaý, pursat döretmezlik. Bahar oňa öwünmäge maý bermedi (A. Gowşudow). Maý tapmak çemesini, amatly ýagdaýyny, pursatyny tapmak, wagt taýdan amatyna salmak. Käýarym hem bilini ýazmaga maý tapdy (R. Gelenow). MAÝ [ma:ý], at. Milady senenamasy boýunça ýylyň bäşinji aýy. MAÝA [ma:ýa] I, at. 1. Bugradan gaýan, arwanadan bolan inen düýe. Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin (Mollanepes). Bahar bolsa çarwadarlar çykarlar, Otlagynda ner-maýalar bakarlar (Misgingylyç). 2. Gyzym, köşegim manysynda maýam görnüşinde aýdylýan söz. 3. Gyza dakylýan at. Maýa ýaly (dek) owadan, görmegeý, etli-ganly aýal maşgala. Orta ýaşly, gara saç, Salyhatly, mähirli, Maýa ýaly bir aýal (O. Täçnazarow). Maýa oty dermanlyk ösümlik. MAÝA [ma:ýa] II, at. Köpeltmek üçin goýulýan gor, tygşytlanan pul, emläk, baýlyk. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling