MEKANSYZ [meka:nsyz], syp. 1. Mekany,
ýaşaýan ýeri, ýurdy bolmadyk. 2.göç.m. Ugursyz,
biderek.
MEKDEP, at. 1. Ýaş nesillere hat-sowat
öwredýän, umumy bilim we terbiýe berýän okuw
jaýy, sowat berilýän ýer, şonuň ýaly-da onuň binasy.
2. göç.m. Durmuşy wakalary öwrenmek netijesinde
gazanylan endik, başarnyk, tejribe; görelde alarlyk
nusga. Gurluşyk ýaşlar üçin uly synag mekdebi boldy.
3. Kesp, kär, hünär öwrenilýän ýörite okuw jaýy.
Sazçylyk mekdebi. Çeperçilik mekdebi.
MEKDEPDEŞ, at. Bile bir mekdepde okaýanlar
ýa-da okanlar, bir mekdepden bolan. Ol meniň
mekdepdeş ýoldaşym.
MEKEJIN, at. Ýabany ene doňuz, doňzuň
urkaçysy. Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,
Jojugyny gizlemeýen bolarmy? (Magtymguly).
MEKGE I, at, 1. gepl.d., ser. Mekgejöwen. Bu
ýyl, şükür, gowaçalaryň hem mekgäniň rejesi oňat (T.
Gurbanow). 2. Musulmanlaryň zyýarata gidýän
şäheriniň ady. 3. Oglana dakylýan at.
MEKGE II: mekgesine münmek biriniň
yzyndan kowalamak, söbügini sydyrdyp kowalamak,
ökjesine münmek. Men ogurlyk edeniň mekgesine
mündüm.
MEKGEJÖWEN [mekgejöwön], at. 1. Däneli
ekinler maşgalasyna girýän, ýognas uzyn çiňrikli, bir
ýyllyk medeni, däneli ösümlik; mekge. 2. Şol
ösümligiň sary, togalak dänesi, hasyly.
MEKGEJÖWENÇI
[mekgejöwönçü],
at.
Mekgejöwen ösdürip ýetişdirýän, mekgejöwençilik
boýunça hünärmen.
MEKGEJÖWENÇILIK [mekgejöwönçülük], at.
Oba hojalygynyň mekgejöwen ösdürip ýetişdirmeklik
bilen meşgullanýan pudagy.
MEKGEJÖWENLIK [mekgejöwönlük], at.
Mekgejöweniň köp ekilen ýeri, mekgejöwen
meýdany.
Do'stlaringiz bilan baham: |