Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MERDEMSI,  syp.Çydamlyrak,  dözümliräk  hereket edýän, batyrgaý.  MERDEMSILENMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet169/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   165   166   167   168   169   170   171   172   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MERDEMSI, 
syp.Çydamlyrak, 
dözümliräk 
hereket edýän, batyrgaý. 
MERDEMSILENMEK, işl. Merdemsi bolmak, 
dogumlanmak, merdemsi bolup başlamak. 
MERDEMSILIK, at, ser. Merdemlik. Gyz 
merdemsilik bilen pert-pert jogap berdi. 
MERDEMSIREMEK, işl. Mert, çydamly, 
dözümli bolan bolmak, özüňi merdemsi görkezmäge 
çalyşmak. Emma näçe merdemsirese-de, dagdy bolan 
kalbyna ygtyýar edip bilmedi (N. Pomma). 
MERDIKÄR [merdikä:r], syp,kön.s. Edermen, 
batyr. Kyrk müňi merdikär, galaň bozdurar 
(

Görogly

). 
MERDIWAN 
[merduwa:n], 
at. 
Beýiklige 
çykmak ýa-da beýiklikden düşmek üçin basgançakly 
enjam, basgançak. 
MERDIWANLYK 
[merduwa:nlyk], 
syp. 
Merdiwan bolar ýaly, merdiwan etmäge ýararly, 
merdiwan üçin. Merdiwanlyk nawlar. 
MEREZ, at. 1. lukmanç., ser. Merezýel. 2. 
gepl.d. 

Bela, zäher

diýen manyda ulanylýan sögünç 
sözi. 
MEREZÝEL,at, 
lukmanç. 
Köplenç, 
jyns 
gatnaşygy arkaly geçýän ýokanç kesel. 
MERGEN [merğen], at. 1. Tüpeň, ýaý atyp aw 
awlamaga, 
nyşanany 
urmaga 
ussat 
adam. 
Mergendigiňizi-hä bilýärdim welin, juda beýlesiňiz 
öýdemokdym (A. Nazarow). 2.Oglana dakylýan at. 
MERGENÇILIK 
[merğençilik], 
at, 
ser. 
Mergenlik. Mergençilik bolsa-da, iliň öňüne çykyp 
geplemeli bolsa-da, ýene nämeler bolsa-da, gaýra 
durman, baryna goşulybergin (N. Saryhanow). 
MERGENLIK [merğenlik], at. Tüpeňi, ýaýy 
göni atyp bilmeklik ukyby, nyşanany urmaga 
ussatlyk. Çarwa aganyň mergenligine söz bolup 
bilmez, ol uraýyn diýse, guşuň gözünden urýan 
adamdyr (B. Gurbanow).
MERGI [merği], at. 1. Köpçülikleýin degýän 
howply ýokanç kesel. 2. gepl.d. Sögünç hökmünde 
ulanylýan gödek söz. 
MERHABA [merhava:], at, k.d. lser. Berekella. 
– Oglan, bagşy bolan ekeniň, merhaba, ussadyna 
rahmet – diýdi (

Nejep oglan

). 2.

Hoş geldiňiz

diýen manyny aňladýar. 
MERHEMET, at. Rehim, şepagat. Bir dileg 
eýleseň, möhümiň bitmez, Dostuň yhlas bilen 
merhemet etmez (Magtymguly). 
MERHEMETLI, syp. Rehimli, şepagatly. Belki, 
eli merhemetli lukmanlarymyz bu batyl gözleriň ýagty 
jahana täzeden nazar aýlamagyny gazanarlar 
(

Edebiýat we sungat

). 
MERHEMETLILIK, at. Merhemetli bolmaklyk, 
merhemeti barlyk, rehimlilik, şepagatlylyk. 
MERHUM [merhu:m], at. Aradan çykan, ölen, 
wepat bolan. Merhum ýazyjy. 
MERJEN, at. 1. Deňiz düýbünde topbak bolup 
ýaşaýan hereketsiz jandarlar. 2. Şol jandarlaryň 
çökündilerinden emele gelýän açyk gyzyl ýa-da ak 
reňkli gymmatbaha daş. Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, 
dürmi sen? Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen? 
(Magtymguly). 3. Gyza dakylýan at. 
MERJIMEK, 
at, 
ösüml.d. 
Kösükliler 
maşgalasyna degişli ösümlikleriň bir urugy. 
MERK, at. 

Ajal, ölüm

manysynda ulanylýan 
sögünç sözi.


Merkini bermek berk gaýtawul bermek, 
çykgynsyz ýagdaýa salmak, emini bermek, 
hötdesinden gelmek. 
MERKEZ, at. 1. Bir zadyň ortasy. Uçastogyň 
merkezindäki öz iş tamyna gelip ýetdi (B. Pürliýew). 
2. Haýsydyr bir zadyň möhüm nokady, bir zadyň, 
wakanyň we ş.m. jemlenýän ýeri. Medeniýet 
merkezi.Ylym merkezi. 3. Ýurduň dolandyryş 
edaralarynyň ýerleşýän ýeri, paýtagty. Ol merkezde 
bir edarada işleýär. 4. mat. Taraplaryň deň aralykda 
kesişýän nokady. Töweregiň merkezi. 
MERKEZI, syp. Merkez bolup hyzmat edýän, 
merkezde duran. Merkezi seýil bagynyň sport 
meýdançasy adamdan doludy (T. Gurbanow). 

Merkezi hüjümçi futbol, hokkeý ýaly sport 
oýunlarynda esasy, baş hüjümçi. 
MERKURIÝ [merku:riý], at, asman j. Ýere iň 
golaý planeta we Gün sistemasyndaky uly 
planetalaryň iň kiçisi.
MERMER, at. Düzümi kalsitiň dänelerinden 
ybarat 
bolan 
kristal 
görnüşli 
dag 
jynsy 
(heýkeltaraşlyk we binaçylyk işlerinde ulanylýan 
gymmatly gaty daş).
MERT, syp. 1. Çydamly, dözümli. Olar Watan 
ugrunda mert durup göreşipdi. 2.Dogumly, gaýratly, 
batyr, edermen. Merde ýalbarsaň–peseler, namarda 
ýalbarsaň– eseler (Nakyl). Işiň düşende bir merde, 
Ýaman günde gala bolar (Magtymguly). 
MERTEBE [merteve], at. 1. Abraý, hatyra, 
dereje. 2. gepl.d. Jaýyň gaty. Ikinji mertebedäki 
myhman jaýy tämiz süpürilip, bezelip goýlupdyr (G. 
Kulyýew). 3gepl.d. Gezek, ýola, sapar. Üç mertebe 
atyny töwereginden aýlady (

Görogly

). 
MERTEBELEMEK 
[mertevelemek], 
işl. 
Hatyrasyny 
tutmak, 
hormatlamak, 
derejesini 
götermek. Garly 

başlyk

sözüni ýörite mertebeläp 
aýtdy (N. Jumaýew). 
MERTEBELI [merteveli], syp. 1. Abraýly, 
hatyraly, hormatly, derejeli.2. gepl.d. Birnäçe gatly, 
gat-gat. Ýaşaýyş jaýlary bäş mertebeli edilip salyndy. 
MERTEBELILIK 
[mertevelilik], 
at. 
Abraýlylyk, hatyralylyk, hormatlylyk, derejelilik. 
Şeýle atanyň ogly bolmagy uly mertebelilik bilýär 
(

Görogly

). 
MERTLERÇE,hal. Dogumlylar, gaýratlylar 
ýaly; batyrlarça, edermenlerçe. Ol özüni mertlerçe 
saklap, beýlekilere-de basalyk bolýardy (B. 
Kerbabaýew). 
MERTLIK, at. 1. Çydamlylyk, dözümlilik. 
Aýsoltan ejesi sojanda, mertlik bilen ýuwdunyp, ony 
köşetmäge çalyşdy (B. Kerbabaýew). 2. Batyrlyk, 
edermenlik, dogumlylyk. Mertlik görkezmek.  

Mertlige salmak çydajak bolmak.
MERTSIREME 
[merissireme],iş 
ady. 
Mertsiremek ýagdaýy. 


92 
MERTSIREMEK 
[merissiremek],işl. 
1
Çydamly, dözümli bolan bolmak. Ol ýarasynyň 
agyrysyny bildirmejek bolup mertsiredi. 2.Batyr, 
dogumly, edermen, gaýratly bolan bolmak. Ol 
mertsiräp gepledi. 
MERTSIREMEZLIK [merissiremezlik], iş ady.
Mert bolan bolmazlyk. 
MERTSIREÝIŞ 
[merissireýiş]
iş 
ady. 
Mertsiremek ýagdaýy. 
MERWANA [merwa:na], at, k.d. Gep gezdirip, 
adam arasyny bozýan, içigara, melgun, arabozar.
Сek menden eliňi, merwana – diýip, oňa garşylyk 
görkezdi (N. Pomma).
MERWANALYK [merwa:nalyk], at, k.d. Ara 
bozujylyk, gep gezdirijilik, arabozarlyk.
MERWER, at, ser. Merwerit. Hiç ýerde 
görmändim beýle şöhläni, Zenanyň merweri 
görkemen geçdi (Kerim Garaja). 
MERWERIT [merweri:t], at, mineral. Bezeg 
hökmünde ulanylýan gymmat bahaly daş, dür. 
MERZ [meriz], at. Tekiz ýeriň ortasynda 
tümmegräk bolup gidýän zolak beýiklik. Hol bir 
gyrasynda köne gala merz bolup ýatyrdy (A. 
Gowşudow). 
MES, syp. 1. Keýpi kök, jany sag, sag-gurgun 
ýaşap ýören. Bir gün ýaşasaň-da, mes ýaşa (B. 
Seýtäkow). 2. Ot-iýmden hor bolmaýan, semiz, 
daýaw (mal hakynda). Oslagsyz takyrdy mes 
gatyrlary ürküzdi (B. Kerbabaýew). 3. Gurply, barly, 
baý. Ol hojalyk mes ýaşaýan hojalygyň biridi. 4. 
gepl.d. Serhoş, melul, lül. 

Mes suw joşgunly suw, joşup akýan bol suw. 
Mes ýer bol hasyl berýän, köpden bäri ekilmän ýatan 
minerallara baý, gurply ýer. 
MESAŇA, syp. Mese-mälim, aýdyň, aýan, äşgär.
MESAWY 
[mesa:wy]: 
mesawy 
gürrüň 
peýwagtyna özara edilýän asuda gürrüň, mesaýy 
gürrüň. Soňra olar çaý başynda mesawy gürrüň 
etdiler (H. Garabaýew).
MESAWYLYK [mesa:wuluk], at. Mesawy 
ýagdaýda bolmaklyk, mesawy häsiýetde bolmaklyk, 
peýwagtynalyk, mesaýylyk. Gürrüňiň mesawylygy 
ony haýran galdyrdy. 
MESAÝY [mesa:ýy] serMesawy. 
MESÇILIK, 
at, 
ser. 
Meslik. 
Oba-il 
mesçilikmidir? 
MESELE
at. 
1
Amala aşyrylmagyny, 
çözülmegini talap edýän iş, wezipe. Ilaty ýaşaýyş jaý 
bilen üpjün etmek meselesi ileri tutulýan meseleleriň 
biridir. 2.mat. Belli bir pikir ýöretmeler hem-de 
hasaplamalar esasynda çözülýän gönükmeler. Mesele 
çözmek. 
MESELEM, Bir zat düşündirilende, sanalanda 

mysal üçin, mysal hökmünde

diýen manyda 
ulanylýan giriş sözi, adatça, ol sözden soň düşündiriş 
häsiýetli sözler gelýär. Ynha, meselem, özüňden 
mysal al (B. Kerbabaýew). 
MESELIŞ, iş ady. Meselmek ýagdaýy. 
MESELME, iş ady. Meselmek ýagdaýy. 
MESELMEK, işl. 1. Mes, gurply bolup 
başlamak, maddy taýdan gowulaşmak. Ýaran argyşa 
gideli bäri örän meselipdir. 2. Hasyllylygy 
ýokarlanmak, artmak (ýer hakynda). Pagta ekiljek 
ýerler dökün dökülensoň örän meselipdir. 3. Suwy 
köpelmek, artmak, joşmak, hanasy dolmak (ýap, 
derýa hakynda). Suw indi meseldi ahyry (B. 
Kerbabaýew).
MESELTMEK, işl. 1. Mes, gurgun, gurply 
etmek, maddy durmuşyny gowulandyrmak. 2. 
Hasyllylygyny ýokarlandyrmak, artdyrmak. Ýorunja 
ýeri meseldýär. 3. Suwuny artdyrmak, köpeltmek, 
joşdurmak, öňki derejesinden galdyrmak. Ýagýan 
ýagyn derýanyň suwuny meseltdi. 
MESE-MÄLIM [mese-mä:lim], syp. Görnüp 
duran, aýan, aýdyň, äşgär, mälim. Onuň düşünjeli 
ýigitdigi mese-mälimdi. 
MESENE, at. Degirmeniň suwuny batly 
indermek üçin ýeri beýgeldip, üstünden ýap 
geçirilýän beýiklik, sow. Elin-ýüzün ýuwmaga, 
Kilwan mesenä çykdy (A. Alamyşow). 
MESGE [mesğe], at. Süýtden, gatykdan ýaýylyp 
alynýan ýag. Süýt, mesge, ýumurtga, ýüň 
tabşyrmakda-da biz planymyzy artygy bilen 
doldurdyk (A. Gowşudow).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   165   166   167   168   169   170   171   172   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling