Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MENEK, at. Bir zadyň ýüzüne düşen nokat,  tegelejik tegmil. Onuň endamy gara menekler bilen  örtülgidi.  MENEK-MENEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet165/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   161   162   163   164   165   166   167   168   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MENEK, at. Bir zadyň ýüzüne düşen nokat, 
tegelejik tegmil. Onuň endamy gara menekler bilen 
örtülgidi. 
MENEK-MENEK, syp. Köp sanly menek bolup 
duran, tegmil-tegmil, nokat-nokat. Näzli gelin, bir 
bäriňi gözlegin, Guwanaýyn menek-menek hallara 
(Mätäji). Meňli gyzyň menek-menek halyny, 
Magtymguly çykarmady ýadyndan (G. Seýitliýew).
MENIK, at. Başarnyk, eden işiňi oňaryş, 
edenlilik. – Bir talaply ugra ýüzlen, menik başyny tut 
– diýip, hamana aga hökmünde bolup, nesihat berýän 
adam boldy (A. Gowşudow). 
MENIKLENMEK, 
işl. 
Dogumlanmak, 
ekezlenmek, edenli bolmak. Çünki ol hemişe 
zähmetden başga zada düşünmeýän ýalydy we: – 
Men başlygyň aýalydyryn - diýip, meniklenmek onuň 
ýadyna-da düşmeýärdi (A. Gowşudow).
MENIKLI, syp. Eden işini oňarýan, eli eden 
işine gelişýän, başarnykly, başarjaň, edenli. Berkeli 
düşlem wagtyna çenli galan wagty menikli 
peýdalanmak, Bossanyň ýaňky hereketini ýene 
gaýtalamak küýüne düşdi (B. Kerbabaýew). 
MENIKLILIK, 
at. 
Menikli 
bolmaklyk, 
başarjaňlyk, edenlilik. Ol özüniň menikliligi, 
guramaçylyklylygy 
bilen 
beýleki 
çagalardan 
tapawutlanýar (H. Ysmaýylow).
MENIKSIZ, syp. Başlan işini gutaryp bilmeýän, 
peýdaly işiň başyny tutmaýan, menikli däl, 
başarnyksyz, edenli däl. 
MENIKSIZLIK, at. Menikli dällik, menigi 
ýokluk, başarjaň, edenli dällik, başarnyksyzlyk. 
MENLIK, at. 1. Meniň ýaranym, tarapdarym. 
Sen bir menlik bol ahyry! (N. Pomma). 2.Maňa 
degişli, men bilen baglanyşykly. Menlik işiňiz barmy? 
3. dil b. Degişlilik, ýöňkeme görkezilende birinji 
şahsyň birlik sanynyň ady. Menlik ýöňkemäniň 
goşulmasy. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   161   162   163   164   165   166   167   168   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling