Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet163/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   159   160   161   162   163   164   165   166   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MELE, at. 1. Sarymtyl goňras reňk. Mele çägelik. 
2. Oglana dakylýan at. 
MELEK, at. 1. Perişde, melaýyk. Ýarysy 
melekden, ýarysy jyndan, Müjewürsiz bolmaz üsti 
atamyň (Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at. 
MELEMTIL, syp. Mele reňke ýakyn, meleräk, 
mele öwüsýän. Melemtil çäge. 
MELEWŞEat,1. Gögümtil ýaşyl reňk. Çöpboýa 
gyzyl, melewşe, sarymtyl, goňur, çal reňkleri berýär
2.gepl.d. Jümjüme. Olar bu gürrüňleriň müňüsinden 
ysmanak hakyndaky, melewşe hem bägül hakyndaky 
ýa-da şolara meňzeş gül bilen bilbil hakyndaky 
rowaýatlary gowy görýärler (A. Gowşudow). 3. Gyza 
dakylýan at. 
MELGUN [melğu:n], at. Hilegär, mekir, şeýtan. 
Munuň özi toýy bulamak üçin kimem bolsa bir 
melgun tarapyndan guralan hile diýip pikir edýärin 
(B. Öwezow). 
MELGUNÇYLYK [melğu:nçuluk], at, ser. 
Melgunlyk. Onuň eden melgunçylygy ýatdan çykar 
ýaly däl. 
MELGUNLYK [melğu:nluk], at. Melgunyň 
gylyk-häsiýeti, hilegärlik, mekirlik, şeýtanlyk. 
MELHEM, at. 1. Em; däri-derman. 2. Çyban, 
beze we ş.m. ýara ýapylýan ýapy, çalynýan derman 
serişde. Ýara täzeliginde melhem etmek gerek
könelişse aňsat düşmez (H. Derýaýew). 
 MELLEK, at. Hususy hojalykda peýdalanmak 
üçin bölünip berilýän ýer, jaý gurmak we ekmek üçin 
ölçelip berilýän ýer. 
MELLEKÇI,at, 
kön.s. 
Ýeri 
kärendesine, 
ylalaşyga görä, ýarpasyna alyp ekýän adam. Mellekçä 
ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar (Nakyl). 
MELLEKLIK, syp. Mellek üçin niýetlenip 
goýlan (ýer hakynda). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   159   160   161   162   163   164   165   166   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling