Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
MAZARYSTAN [maza:ryssa:n], at, ser. Mazarçylyk
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- MAZMUN
- MAZUTLY
- MEBEL
- MEDENI
- Medeni zona 1
MAZARYSTAN
[maza:ryssa:n], at, ser. Mazarçylyk. Öten aýyň içinde bir mazarystanlykdan geçdiňmi? ( Görogly ). MAZASYZ [maza:syz], syp. 1.Ýaramaz, keýpsiz-sapasyz, lezzetsiz.Başyny galdyrman barşyna mazasyz dünýäni näletleýärdi (G. Kulyýew).2. Ugursyz, bolgusyz, ýakymsyz, durnuksyz. Ol bir mazasyz adam eken. 3. Tagamsyz, süýji däl. MAZASYZLYK [maza:syzlyk], at. 1. Mazasy ýokluk, mazaly dällik, bolgusyzlyk. 2. Lezzetsizlik, şypasyzlyk. MAZLUM [mazlu:m], at, kön.s. 1. Zulum çekýän, ezilen, kemsidilen, zuluma sezewar bolan, horlanýan, garyp; ýuwaş. Dessury-zaman budur, mazlumlara lutf etgil (Magtymguly). MAZMUN [mazmu:n], at. 1. Bir zadyň– ýazgynyň, eseriň we ş.m. esasy manysyny düzýän gysgaça beýany. Hatyň mazmuny. Hekaýanyň mazmuny. 2. ser. Many. MAZMUNLYLYK [mazmu:nluluk], at. Baý mazmuny barlyk, çuň mazmuna, mana eýelik. MAZUT [ma:zu:t], at. Nebitden benzin, kerosin, gazolin gaýtadan işlenip alnandan soň galýan ýagjymak galyndy. MAZUTLY [ma:zu:tly], syp. Mazut garyndyly, düzüminde mazut bolan. MAZY [ma:zy], at.1. Hoşboý ysly, togalak, çala bildirýän çyzmykly, sary, kiçijik kyrkgünlüge meňzeş ysgalýan dessemmaýa. Dogry ol ilki-ilkiler gözüme mazy ýaly yslyja, bägül ýaly owadanja göründi ( Edebiýat we sungat ). 2. gepl.d. Gowy görlüp aýdylýan söz, eýjejik. Ýeri, mazyjygym, sen bu ýerde näme işleýärsiň! (B. Pürliýew). ME, Bir zady bermek, hödürlemek üçin al diýen manyda aýdylýan ümlük. Me, saňa hat! (A. Durdyýew). 87 Me saňa gerek bolsa gördüňmi, nähili bolup çykdy (duýdansyzlykda, garaşylmazdan ýüze çykan waka, ýagdaý hakynda aýdylýar). Me saňa gerek bolsa, indi tä gaý ýatynça garaşmaly bolduk. MEBEL [me:bel], at. Stol, stul, şkaf, diwan ýaly içerde goýulýan öý goşlary. MEÇEW [meçöw]: meçew bermek gylaw bermek, birini götergiläp, başga biriniň üstüne küşgürmek, öjükdirmek, gižželemek. MEDAL [meda:l], at. Işde, okuwda, sportda özüni görkezen adama ýa-da bir taryhy sene mynasybetli sylag berilýän, ýüzi ýazgyly, şekilli, metaldan ýasalan nyşan. Onuň döşüni Gaýrat medaly bezeýär. MEDENI, syp. 1. Medeniýete degişli. Bu ýerde ýaşlaryň arasynda medeni işleri geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. 2. göç.m. Ýabany däl, ekilip ösdürilip ýetişdirilýän. Medeni ekinler. Medeni zona 1) ekin ekilýän, özleşdirilýän ýer. 2) oturymly ýerler. MEDENIÝET [medenýet], at. 1. Adamzadyň önümçilikde, jemgyýetçilik we ruhy durmuşynda aň-düşünjelilik bilen gazanan üstünlikleriniň jemi. 2. Haýsy hem bolsa bir hojalyk pudagynyň ýa-da akyl işiniň ösüş derejesi. Ýer işleriniň medeniýeti. Dil medeniýeti. 3. Nusga bolup galan ýörelge, kabul edilen kada-kanunlar. Medeniýet ojagy medeniýetiň gülläp ösýän ýeri. Medeniýet öýi her hili medeni-köpçülik çäreleri, işleri geçirilýän ýörite jaý. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling