Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet155/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   151   152   153   154   155   156   157   158   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAÝALY [ma:ýaly] II, syp. Maýa, gönezlik, 
hamyrmaýa ýaly zatlar goşulan. 
MAÝALYK [ma:ýalyk] I, syp. Maýa hökmünde 
goýlan (pul, goýum). 
MAÝALYK [ma:ýalyk] II, syp. Towugyň 
ketegine atmak üçin niýetlenen (ýumurtga). 
MAÝALYK [ma:ýalyk] III, syp. Ajatmak, 
turşatmak üçin niýetlenen (gönezlik, hamyrmaýa ýaly 
zatlar). 
MAÝALYLYK [ma:ýalylyk], at. Maýasy barlyk, 
barjamlylyk, gorlulyk. 
MAÝAPETIR [ma:ýapeti:r], syp. Hamyrmaýa 
goşulan, emma doly aldyrylmadyk hamyrdan ýüzi 
dürtülip bişirilýän tamdyr çörek. 
MAÝASYZ [ma:ýasyz] I, syp. Malsyz-mülksüz, 
pulsuz, emläksiz, gory bolmadyk. 
MAÝASYZ [ma:ýasyz] II, syp. Maýa, gönezlik, 
hamyrmaýa atylmadyk. 
MAÝASYZLYK [ma:ýasyzlyk], at. Maýasy, 
gory ýokluk. 
MAÝDA, syp. Kiçi, ownuk, uşak. Maýda daşlar.  

Maýda gezer atyň ýöreýşiniň bir görnüşi. Artyk 
atyny maýda gezerine sürüp, yzyna garanjaklaýardy 


85 
(B. Kerbabaýew).Maýda söwda lomaý däl söwda, 
harytlaryň az-azdan satylýan söwdasy, ownuk söwda. 
MAÝDA-ÇÜÝDE [maýda-çüýdö], syp. Ownuk-
uşak, bölek-büçek. Maýda-çüýde zat
MAÝDAÇYL, 
syp., 
gepl.d. 
Ownukçyl
Maýdaçyl adam. 
MAÝDAL, hal. 1. Adamyň, haýwanyň kadaly 
hereket ýagdaýy, aram, aralyk tizlikdäki asuda 
hereket; howlukman, arkaýyn. Alaşanyň başyny öz 
maýdalyna goýberip, hemmäniň öňünden barýardy 
(B. Seýtäkow). 2. Hereketiň, wakanyň gidiş, baryş 
derejesi, depgini. Öňki maýdal bilen gidip, sürümi, 
döküni güýçlendirip, ýokary hasyl almak hakynda 
pikir edýärdi. 
MAÝDALAMA, iş ady. Maýdalamak ýagdaýy. 
MAÝDALAMAK, işl. 1. Bir zady bölek-bölek 
etmek, kiçi böleklere bölmek, owratmak, uşatmak. 
Çagly maýdalamak. 2. göç.m.  Owratmak, ownutmak, 
hyrdalamak, bölmek (iri pul hakynda). 
MAÝDALAMAKLYK, iş ady. Maýdalamak 
ýagdaýy. 
MAÝDALAMAZLYK, 
iş ady. 
Böleklere 
bölmezlik, owratmazlyk. 
MAÝDALANMAK, işl. Ownuk, uşak, bölek 
görnüşe getirilmek, böleklere bölünmek. 
MAÝDALAŞMAK, işl. Birine maýdalamaga 
kömekleşmek.
MAÝDALATMAK, işl. Birine bitin zady 
böldürmek. Iri puly maýdalatmak. 
MAÝDALAWJY [maýdalowjy], at, mat. Tutuş 
bir sanyň näçä deň bölünýändigini görkezýän san. 
MAÝDALAÝYŞ, iş ady. Maýdalamak ýagdaýy. 
MAÝDA-MAÝDA: maýda-maýda bolmak 
çym-pytrak bolmak, kül-uşak bolmak, bölek-bölek 
bolmak. Maýda-maýda etmek bölek-bölek etmek. 
MAÝKA [ma:ýka], at. Köýnegiň içinden 
geýilýän ýeňsiz içki geýim. 
MAÝLAMA, iş ady. Maýlamak ýagdaýy. 
MAÝLAMAK, işl. 1.Maýyl bolmak, ýylamak, 
maýyllyk aralaşmak. Howa maýlady. 2.göç.m. 
Gowulyk bolmak, rahatlyk aralaşmak, keýpiň 
göterilmek, göwnüň açylmak.  Sen ýylgyrsaň, bütin 
jahan maýlaýar, Gaşyň çytsaň, gyş gamçysyn aýlaýar 
(M. Seýidow). 
MAÝLAMAZLYK, iş ady. Howa maýyl 
bolmazlyk, maýylganlyk aralaşmazlyk.  
MAÝLANMAK, işl. Maý almak, çemelenmek, 
amatly pursat, wagt aramak. Ol mazaly maýlanyp, 
soňra onuň üstüne bökdi. 
MAÝLAŞMAK, işl. Maýyl bolup başlamak, 
dura-bara maýlamak. Howa indi birneme maýlaşýar. 
MAÝLAÝYŞ, iş ady. Maýlamak ýagdaýy. 
MAÝMYN, at. 1. Bedeniniň gurluşy boýunça 
adama meňzeşräk, jeňňellikde, tokaýda ýaşaýan 
süýdemdiriji 
haýwan. 
2. 
gepl.d. 
Betgelşik, 
maýmynpisint adam.  

Maýmyn ýaly çalasyn hereket edýän, alyp-
ýolup barýan, bir minut hem dek durmaýan, ýyrtyjy 
ýaly (adam hakynda). 
MAÝMYNLYK, at. Maýmyna meňzeşlik, 
maýmyn ýalylyk. Maýmynlygyňy etmesene. 
MAÝOR [maýo:r], at. Kapitandan soňra berilýän 
harby at. 
MAÝORLYK [maýo:rluk], at. Maýoryň gulluk 
wezipesi; maýor derejesi. 
MAÝRYK, syp. Belli bir sebäbe görä aýagyna, 
ýanbaşyna, biline şikes ýeten, maýyp bolan, 
maýrylan, maýtyk (adam, haýwan we ş.m. hakynda). 
MAÝRYKLYK, 
at. 
Maýryk 
ýagdaýda 
bolmaklyk, maýrygyň ýagdaýy. Maýryklygy oňa 
goldaşmaga-da mümkinçilik bermeýärdi. 
MAÝRYLMAK, işl. 1. Agyr zähmetden, 
keselden ýa-da başga zatdan aýagyňa, biliňe zeper 
ýetip maýryk bolmak. 2.göç.m. Agyr durmuş, gaýgy, 
gam-gussa sebäpli saglygyňy ýitirmek.  Nätsin, ömür 
hemrasyndan aýryldy, Aglaý-aglaý dert astynda 
maýryldy (G. Gylyjow). 
MAÝRYŞ,iş ady. Maýyrmak ýagdaýy. 
MAÝSA, at. 1. Başlamadyk galla ekinleriniň 
körpe gök ösümligi, heniz başlamadyk arpa-bugdaý. 
Gök maýsalar gowy boý alyp, birgeňsi penjeläp otyr 
(

Türkmenistan

). 2. Gyza dakylýan at. 
MAÝSALYK, at. Ýaş arpa-bugdaý gögerip 
oturan meýdan, başlamadyk ak ekinlik ýer. Ol ýazyň 
sap howasyny demine darta-darta, gök maýsalyga 
göz gezdire-gezdire, öz ýanyndan göwün ýüwürtdi (B. 
Kerbabaýew). 
MAÝŞARMAK, işl. Üstüne düşýän agyr ýük 
sebäpli egilmek, maýyşmak, agyrlykdan ýegşermek. 
Eşek näçe daýaw bolsa-da, uzak ýolda agyr ýük 
astynda maýşarýardy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   151   152   153   154   155   156   157   158   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling