Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet152/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   148   149   150   151   152   153   154   155   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MASLAHATLAŞMA, iş ady. Maslahatlaşmak
ýagdaýy. 
MASLAHATLAŞMAKişl. Meseläniň çözgüdi 
hakynda pikir alyşmak; biri bilen geňeş etmek, sala 
salyp pikir alyşmak. Ondan soňra meniň-de 
maslahatlaşmaly işlerim bar (B. Seýtäkow). 
MASLAHATLAŞYK, at. Geçirilýän maslahat
geňeş, maslahat salynýan ýygnanyşyk. 
MASLAHATLAŞYKLY, syp., ser. Maslahatly.  
Näme diýerkä, näme diýse-de, aýaly bilen 
maslahatlaşykly bir zady diýer (N. Saryhanow). 
MASLAHATLAŞYLMAK, işl. Biri bilen 
maslahat edilmek, geňeşilmek.
MASLAHATLAŞYŞ, iş ady. Maslahatlaşmak 
ýagdaýy. 
MASLAHATLY, syp. Maslahat, geňeş edilip, 
belli bir netijä gelnen, geňeşli, ylalaşykly. Maslahatly 
biçilen don gysga bolmaz (Nakyl). 
MASLAHATLYLYK, at. Öňünden maslahatly 
bolmaklyk, 
geňeşlilik, 
maslahatsyz 
dällik. 
Maslahatlylyk gowy zat. 
MASLAHATSYZ [maslahassyz], syp. Öňünden 
maslahat, geňeş edilmedik, geňeşsiz, köpçülik bolup 
çözülmedik. Biz olardan maslahatsyz bir iş edäýsek, 
olar ömür boýy biziň ýüzümizi görmezler (A. 
Durdyýew). 
MASLAHATSYZLYK [maslahassyzlyk], at. 
Öňünden 
maslahat 
edilmezlik, 
geňeşsizlik, 
maslahatly dällik.
MASLYK, at. 1. Ölen haýwanyň läşi; adamyň 
meýdi, jesedi. Ol guşlar gelip, öküziň maslygyny 
iýipdirler (

Türkmen halk ertekileri

). Kelpezä 
ýuwutdyrmaz aždar maslygy (Magtymguly). 2.göç.m. 
Köp ýatagan, ýalta. Sen-ä bir maslyk ekeniň, 
düşekden turmany bileňok. 
MASLYKÇY, at. 1. Maslyk iýýän guş. 2. 
Maslyk iýýän uly guşlaryň umumy ady. Haram ölen 
sygryň läşine maslykçylar üýşdüler. 
MASSA [ma:ssa], at. 1. fiz. Materiýanyň 
häsiýetlerini kesgitleýän esasy häsiýetnamalaryň biri 
bolan fiziki ululyk. 2. Hamyr görnüşli goýy jisim, bir 
zadyň goýy ýa-da ýarym suwuk garyndysy. Şol 
ergine bolsa biz aýna massasy diýýäris (

Edebiýat we 
sungat

).
MAŞAL, syp. gepl.d. Ýüzi, maňlaýy ak (goýun 
hakynda). Maşal goýnumyz ekiz guzlady. 
MAŞGALA [maşğala], at. 1. Bir hojalykda 
ýaşaýan ene-atanyň we oguldyr gyzlaryň jemi, 
rysgaly bir adamlar. Döwletli maşgala. Gurply 
maşgala. 2. Aýal adam, gyz, gelin. Gapynyň agzynda 
özi ýaly maşgalanyň ýylgyryp duranlygyny görüp 
köşeşdi (G. Kulyýew). 3. Özbaşdak hojalyk, öý. 
Obada iki sany dost maşgala ýaşaýardy (A. 
Gowşudow). 4. göç.m. Bir kärdäki adamlardan 
durýaň in ýakyn garyndaşlyk birleşigi. Balykçylar 
maşgalasy. Mugallymlar maşgalasy. 5. biol. 
Haýwanlar we ösümlikler ulgamynda: gurluşlary 
boýunça meňzeş we gelip çykyşlary boýunça özara 
ýakyn birnäçe jynslaryň topary. Pişikler maşgalasy. 

Maşgala gurmak öýli-işikli bolmak, öýlenmek 
ýa-da durmuşa çykmak. 
MAŞGALABAŞY [maşğalavaşy], at. Maşgala 
baş bolýan, maşgalanyň garamatyny çekýän, 
maşgalanyň eklenjini, abraýyny we ş.m. goraýan, 
maşgala jogap berýän adam.
MAŞGALABAŞYLYK [maşğalavaşylyk], at
Maşgalabaşynyň ýagdaýy, maşgalabaşy bolmak 
borjy. 
MAŞGALALY [maşğalaly], syp. 1. Ogully-
gyzly, çaga-çugaly, öýli-işikli. Ol agyr maşgalaly 
adam bolup gidipdir. 2.Aýally, öýlenen ýa-da 
durmuşa çykan. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   148   149   150   151   152   153   154   155   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling