Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MARŞALLYK [ma:rşallyk], at. Marşalyň harby derejesi, ady. MARŞAW


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet150/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   146   147   148   149   150   151   152   153   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MARŞALLYK [ma:rşallyk], at. Marşalyň harby
derejesi, ady.
MARŞAW [ma:rşow], at, zergärç. Kümşe 
meňzeş demirsöwak renkli garyndyly metal.
MART, at. Milady senenamasy boýunça ýylyň 
üçünji aýy. 8-nji mart gelin-gyzlaryň halkara 
baýramydyr. 
MAS: mas ýüklemek kän ýüklemek, ýeterlik 
basyp ýüklemek, ýükläbileniňi ýüklemek. Her sapar 
Rahym ýylma atyny mas ýükläp gelende, Ýaban bir 
ölüp bilmezdi (O. Ödäýew).
MASGARA [masğara], syp1. Biabraý, abraýsyz, 
ile gülki, betnam, wejera. Bu gürrüň Baharyň hem 
gulagyna ýeten bolsa, men masgaranyň hem 
masgarasy 
bolupdyryn 
(A. 
Gowşudow).2. 
Uýalmaýan, bihaýa, utançsyz (adam). 

Masgaranyň aýry mazary ýok masgara 
bolmak ilde ýok zat däl.
MASGARABAZ [masğarava:z], at. 1. Sirk 
hokgaçysy. 
Sirkdäki 
masgarabazyň 
adamlary 
güldürmäge ökdedigini gören bolsaň, senem haýran 
galardyň. 2. gepl.d. Ýomak atyp ýören, oýunbaz, 
wäşi. 3. göç.m. Masgaraçylykly hereketleri edýän. 
Özüniň pitige mündürilendiginden we märeke, meýlis 
halkasynda masgarabaz hökmünde oýnadylýanyndan 
Pökgeniň habary ýokdy (A. Gowşudow).
MASGARABAZÇYLYK [masğarava:zçylyk], 
at, ser. Masgarabazlyk. 
MASGARABAZLYK 
[masğarava:zlyk], 
at. 
Masgarabazyň 
gylyk-häsiýeti; 
masgarabazyň 
ýagdaýy, hünäri, işi. 
MASGARAÇYLYK 
[masğaraçylyk], 
at
ser.Masgaralyk. 
MASGARALAMA [masğaralama], iş ady. 
Masgaralamak ýagdaýy. 
MASGARALAMAK [masğaralamak], işl. Birini 
masgara etmek, biabraý etmek, aýbyny ile ýaýmak, 
ile gülki etmek, abraýdan düşürmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   146   147   148   149   150   151   152   153   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling