Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet158/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   154   155   156   157   158   159   160   161   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MAZALY [maza:ly] II, syp. Bir kemsiz, ýeterlik, 
düýpli, doly. Mazaly pikir et. Irgözin ýatyp, mazaly 
ukymy alypdyryn. 
MAZALYJA [maza:lyja], at, ser. Mazaly. 
Onsoňam Abadana gezek gelende mazalyja gürlegin 
(T. Gurbanow). 
MAZALYLYK [maza:lylyk], at. 1. Mazasy 
barlyk, lezzetlilik, şypalylyk, sapalylyk, eşretlilik. 
Howanyň mazalylygy onuň göwnüni göterýärdi. 
2.Oňatlyk, gowulyk, asyllylyk, edep-ekramlylyk. 3. 
Tagamlylyk, süýjülik.  
MAZAM [ma:zam], at. Güjeňleme, magtama.
MAZAMLAMA 
[ma:zamlama], 
iş 
ady. 
Mazamlamak ýagdaýy. Sen ony mazamlama kemini 
goýmadyň. 
MAZAMLAMAK [ma:zamlamak], işl. Köplenç, 
başga kişide bolman, özünde bar zady taryplamak,
öwüp arşa çykarmak arkaly güjeňlemek. – Ýagşy gül, 
ýagşy gül  diýip, güllerini mazamlaýar (N. Pomma). 
MAZAMLANMAK 
[ma:zamlanmak], 
işl.
Köplenç, başga kişide bolman, özüňde bar zat
taryplanmak, öwlüp arşa çykarylmak arkaly 
güjeňlenmek. 
MAZAMLAŞMAK 
[ma:zamlaşmak], 
işl. 
Birnäçe bolup ýerli-ýerden mazamlamak. 
MAZAMLATMAK [ma:zamlatmak], işl. Bir 
zady birine öwdürmek, taryp etdirmek. 
MAZAR [maza:r], at. Ýogalan adamyň jesedi 
jaýlanan ýer; gubur, gonam. Biz mazardaky bu 
ýazgyny gaýta-gaýta okadyk (A. Nazarow). 
MAZARÇYLYK [maza:rçylyk], at. Ölen 
adamlaryň jesetleri jaýlanýan ýer; gonamçylyk, 
öwlüýä. Ol yzlar mazarçylygyň içi bilen dolanyp
obanyň demirgazyk çetindäki uly köçä baryp girdi 
(A. Gowşudow). 
MAZARLYK [maza:rlyk]. at, ser. Mazarçylyk.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   154   155   156   157   158   159   160   161   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling