Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Maýa goýujy maýa goýum taslamalaryna  maýa goýumlaryny goýmagy amala aşyrýan ýuridik  ýa-da fiziki şahs. Maýa goýumlary


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet154/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   150   151   152   153   154   155   156   157   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Maýa goýujy maýa goýum taslamalaryna 
maýa goýumlaryny goýmagy amala aşyrýan ýuridik 
ýa-da fiziki şahs. Maýa goýumlary telekeçilik işiniň 
hem-de başga görnüşdäki işleriň obýektlerine goýum 
edilip goýulýan, şonuň netijesinde hem peýda 
alynýan ýa-da durmuş ähmiýetli netije gazanylýan 
emläk, oňa intellektual gymmatlyklaryň ähli görnüşi 
hem degişlidir. 
MAÝA [ma:ýa] III, at. Towugyň guzlaýan ýerini 
üýtgetmezligi, hürri guzlamazlygy üçin ketegine 
atylýan ýumurtga. Ketege maýa atmak. 
MAÝA [ma:ýa] IV, at. Gönezlik, hamyrmaýa 
ýaly turşadyjy, aldyryjy jisimler, maddalar. 
MAÝA [ma:ýa] V, at. Bir zadyň düýp özeni, 
esasy. Hemme zadyň maýasy saglyk. 
MAÝA [ma:ýa] VI, at. Dyrnagyň et bilen bile 
birleşýän ýeri. Tiken dyrnagymyň maýasyna urupdyr. 
MAÝAÇ, at, ser. Maý.– Olaryň birini maýaja 
getirendirin – diýip goýberdi (A. Gowşudow). 
MAÝADAR [ma:ýada:r], at. 1. Uly baýlygy, 
mülki, köp puly bar adam, uly mal, pul eýesi. 2
Maýa goýýan, maýa ýatyrýan pul eýesi (adam, bank 
we ş.m.). Daşary ýurtly maýadarlar. 
MAÝADARLYK [ma:ýada:rlyk], at. 1. Uly 
maýa eýesiniň ýagdaýy. 2. Maýa goýmaklyk, maýa 
goýmak işi. 
MAÝADÄNE [ma:ýadä:ne], at. Atanak güllüler 
maşgalasyna degişli ösümlikleriň bir urugy. 
MAÝAK [maýa:k], at. Uçarlara, gämilere we 
ş.m. ýol salgy bermek üçin ses, ýagtylyk, 
radiotolkunlar arkaly duýduryş beriji serişdeler bilen 
abzallaşdyrylan enjam. Soňra şol ýerde maýak 
gurlupdyr, boýy ýüz metr (A. Atajanow).  
MAÝALY [ma:ýaly] I, syp. Mally-mülkli, 
emläkli, pully, barly, gory bar bolan. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   150   151   152   153   154   155   156   157   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling