Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet151/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   147   148   149   150   151   152   153   154   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MASGARALAMAZLYK [masğaralamazlyk], iş 
ady. Masgara etmezlik. 
MASGARALANMAK [masğaralanmak], işl. 
Biri tarapyndan masgara edilmek. 
MASGARALATMAK [masğaralatmak], işl. 
Birine özüňi ýa başga birini masgara etdirmek. 
MASGARALAÝYŞ [masğaralaýyş], iş ady. 
Masgaralamak ýagdaýy. 
MASGARALYK [masğaralyk], at. Ile gülkülik, 
abraýsyzlyk, abraýdan düşmeklik. Beg aga, munça 
masgaralyk görmändik (B. Seýtäkow). 


82 
MASLAHATat. 1. Il-halk, döwlet derejesindäki 
meseleleri maslahatlaşmak, çözmek üçin geçirilýän 
uly ýygnak. Ýaşulularyň Maslahaty. 2. Pikir alyşmak, 
bir meseläni çözmek üçin geçirilýän özara gürrüň, 
geňeş, sala. Gysgajyk maslahatdan soň, bu ikisi bir 
karara geldi (A. Gowşudow). 3. Hökümetleriň, 
jemgyýetçilik, partiýa, ylmy we beýleki guramalaryň 
wekilleri tarapyndan dürli-dürli meseleleri ara alyp 
maslahatlaşmak we çözmek üçin geçirilýän ýygnak. 
4. Öwüt, nesihat; görkezme.

Maslahat salmak (soramak) bir iş hakynda
birine akyl, nesihat sorap ýüz tutmak, sala salmak
geňeşmek.
MASLAHATÇY, at. Maslahat salynýan adam, 
maslahat 
berýän, 
geňeşilýän 
adam. 
Gör- 
oglynyň maslahatçysy Sapar Märemdir (

Görogly

). 

Maslahatçy ses her hili meseleler ara alyp 
maslahatlaşylanda çözüji ses hukugy bolmadyk ses. 
Maslahatçy ses hukukly wekil
MASLAHATDAR [maslahatda:r], at, ser. 
Maslahatçy. Ol özüne ýakyn, mähriban, maslahatdar 
adamy tapdy (N. Saryhanow). 
MASLAHATDAŞ, at, ser. Maslahatçy. Mas- 
lahatdaşlaryna Suhan gatynyň aýdan sözlerini ýeke-
ýeke aýdyp berdi (H. Derýaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   147   148   149   150   151   152   153   154   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling