Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet167/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   163   164   165   166   167   168   169   170   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MENZILSIZ-MEDENESIZ
syp. 
Öýsüz-
öwzarsyz, 
mekansyz, 
mesgensiz. 
Menzilsiz-
medenesiz adam diýip, maňa töhmet atýaň (A. 
Gowşudow). 
MEŇ I,at. Adamyň endamynda, ýüzünde bolýan 
zyýansyz tebigy gara tegmil, nokat. Eli meňli işe 
ýakyn, agzy meňli aşa (Nakyl). Arkasy meňli – 
arzyly, garny meňli – görgüli (Aýtgy). 
MEŇ II, at. Hindi kenebiniň enelik gül 
topbagynyň bölüp çykarýan şepbiginden alynýan 
neşe jisimi. 
MEŇ III, at. 1. Käbir jandarlary aldap tutmak 
üçin gapana, çeňňegiň ujuna dakylýan et, gurçuk we 
ş.m. zatlar. 2.göç.m. Hile, aldaw. 
MEŇDIWANA [meňdi:wa:na], at. Düýbünden 
birnäçe baldak urup çykýan, günebakaryň güli ýaly 
gülleýän, gara däneli derman ösümlik. 
MEŇIZ, at, k.d. Adamyň ýüzi, ýüz keşbi. 
Bularyň gül kimin meňzini soldurmaýyn, kişä zahyr 
etmäýin – diýip, çykyp gitdi (

Zöhre – Tahyr

). 
Gudaçylyk habaryny eşidip, Şiriniň meňzi saralyp 
ugrady (B. Pürliýew). 
MEŇJAGAZ, at. Kiçijik meň.Hawa, onuňam 
burnunyň gapdalynda siziň kakaňyzyňky ýaly garaja 
meňjagaz bardy (B. Kerbabaýew).
MEŇKEŞ, at. Meň çekýän, meň çekmegi endik 
edinen adam. 
MEŇKEŞLIK, at. Meňkeşiň baş goşan ýaramaz 
käri. 
MEŇLI, syp. 1. Bedeninde, ýüzünde meňi, haly 
bolan. 2. Oglana we gyza dakylýan at. 
MEŇZEDILMEK, işl. Birine, bir zada meňzeş 
görülmek, meňzeş hasaplanmak. Bu goşguda mert 
ýigitler, gör, näçe zada meňzedilýär (

Edebiýat we 
sungat

). 
MEŇZEME, iş ady. Meňzemek ýagdaýy. 
MEŇZEMEK, işl. Başga birine, bir zada ýa-da 
herekete çalym etmek, edil şol zat ýaly bolup 
görünmek, birnäçe zatlara laýyk, bap gelmek. Ol 
özüniň ähli bolşunda mugallyma meňzeýärdi (B. 
Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   163   164   165   166   167   168   169   170   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling