Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- MESGEN-MEKANSYZ
- MESIKMEK
- MESIRGEŞMEK
- MESIRGEÝIŞ
- MESLIK
- MESNEWI
- MESSEP
- MESSEPSIZ
- MEŞGULLANMA
Mesgeden ýugrulan örän mylaýym, ýumşak
häsiýetli. Ol bir mesgeden ýugrulan süňksüz ýigitdir: MESGEN [mesğen], at. 1. Oturymly ýaşalýan ýer, ýurt, mekan. Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma, Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma (Magtymguly). 2. Bir zadyň dörän, köp bolýan, ýaşaýan, ösýän ýeri, ýurdy. Ol topraklar inçe süýümli pagtanyň mesgenidir. Mesgen tutmak bir ýerde oturymly ýaşamak, özüňe ýurt edinmek. MESGENLI [mesğenli], at. Belli bir mesgeni, mekany bar bolan, ýerli-ýurtly. MESGENLILIK [mesğenlilik], at. Mekanlylyk, ýerli-ýurtlulyk. MESGEN-MEKAN [mesğen-meka:n], at Ýer-ýurt,mekan, mesgen, ýurt, ýer. Bu toprak biziň ata-babadan gelýän mesgen-mekanymyzdyr. MESGEN-MEKANSYZ [mesğen-meka:nsyz], syp., ser. Mesgensiz. MESGENSIZ [mesğensiz], syp. Belli bir mesgeni, mekany bolmadyk, ýersiz-ýurtsuz. MESGENSIZLIK [mesğensizlik], at. Belli bir mesgeni, mekany, ýer-ýurdy ýokluk. MESI, at. Ýumşak we ýuka gaýyşdan (mişiden) ädik görnüşli, ökjesiz tikilýän we galoş bilen geýilýän aýakgap. Ol mele mesisini taýly gezek sypalaşdyryp, köwüşlerini golaýyna getirip goýdy (B. Seýtäkow). MESIKMEK, işl., ser. Meselmek. Amyderýa mesigen deý mysaly, Şaglaýar, ses edýär, uly heň gurýar (R. Seýidow). MESILIK, syp. Mesi tikmek üçin ýaramly, mesi tikmäge niýetlenen. MESIRGEME[mesirğeme],iş ady. Mesirgemek ýagdaýy. 93 MESIRGEMEK [mesirğemek], işl. 1. Meslik etmek, mes bolmak. 2. Joşup, köpelip, suwy artyp başlamak. Bu günler Amyderýanyň mesirgäp joşýan möwsümidi ( Mugallymlar gazeti ). 3. göç.m. Joş almak, möwç almak, joşmak. Agzyndan köpük saçyp, mesirgän iner ýaly esredi (B. Kerbabaýew). MESIRGEMEKLIK [mesirğemeklik], iş ady. Mesirgemek ýagdaýy. MESIRGEŞMEK [mesirğeşmek], işl. Birnäçe bolup mesirgemek. MESIRGETMEK [mesirğetmek], işl. Mesirgemegine ýol bermek, mesirgemäge mümkinçilik döretmek. Oňat durmuş ony mesirgedipdir. MESIRGEÝIŞ [mesirğeýiş], iş ady. Mesirgemek ýagdaýy. MESLEK, at, kön.s. Bir pikire,ugra, akyma bolan ynam, garaýyş. MESLEKDEŞ,at, kön.s. Bir pikire, ugra,akyma birmeňzeş garaýyşda bolan, pikirdeş. MESLIK, at. 1. Maddy taýdan gurplulyk, ykdysady taýdan üpjünlik, barlylyk; dokluk, gün- güzerany gaty gurgunlyk. Bedasyl götermez bäş gün mesligi (Magtymguly).Ýolagçylaryň biri: – Mesligiň etdirýänidir-dä – diýdi (H. Derýaýew). Meslikden azaşýanlar az däl. 2. Şadyýanlyk, keýpiköklük, keýpiçaglyk. 3. Keýplilik, serhoşluk, göçgünlilik. Kimler mesliginden zowlatdy heňe (N. Pomma). 4. Guratlyk, sagdynlyk, daýawlyk.Meslikden jylaw çeýnäp ýüwrük at, Basan ýerin köwläp, gumdan ýol açýar (N. Pomma). 5. gepl.d. Saglyk, saglyk- amanlyk, gurgunçylyk. Il-gün meslikmidir? Meslige çydap bilmezlik ser. Mesligi göterip (göterinip) bilmezlik. Mesligine çydap bilmän, kükräp başlady. Mesligi göterip (göterinip) bilmezlik gurplulyga, barlylyga çydam edip, asuda ýaşap bilmezlik, bir bolşuňy saklap bilmän, göterinmän azmak. Diýmäýin diýsem, il içinde azgynlar köp, mesligi göterinip bilenoklar (B. Kerbabaýew). MESNEWI [mesnöwü], at, edeb. 1. Özara kapyýalaşýan iki setirli beýtlerden düzülen şygyr žanry. MESSAN [messa:n], hal. Saýhally hem haýbatly. Özi bir dana gözel, sallanyp messan gezer, Waspyňny illerge aýtsam, haýsy aşyklar ýazar (Gaýyby). Basyşyň messan, messan...(G. Seýitliýew). MESSEP, at. 1.ser. Mezheb. Hany seň messebiň, hany seň diniň, Masgaralaýar bolşuň il, Amangeldi (Baýly şahyr). 2. Lebiz, ygrar, äht. MESSEPLI, syp. Lebizli, ygrarly, ähtinde tapylýan, messebi bar. Adam diýeniň messepli bolsa ýagşy. MESSEPLILIK, at. Lebizlilik, ygrarlylyk, ähtinde tapylyjylyk, messebi barlyk. MESSEPSIZ, syp. Lebizsiz, ygrarsyz, ähtinde tapylmaýan, messebi ýok. MESSEPSIZLIK, at. Lebizsizlik, ygrarsyzlyk, ähtinde tapylmazlyk, messebi ýokluk. Ol messepsizlik etdi. MESWÄK [meswä:k], at. Bir ujy gyýçak kertik- kertik edilip, zeýtun, dagdan agajyndan boýy 15 sm çemesinde ýasalýan, diş synçgalýan taýajyk. MEŞGUL [meşğu:l], hal. Bir iş, bir zat bilen gümra bolýan, işli. MEŞGULLANMA [meşğu:llonmo], iş ady. Meş- gullanmak ýagdaýy. MEŞGULLANMAK [meşğu:llonmok], işl. Bir iş ýa-da bir zat bilen meşgul bolmak. Biz sport bilen meşgullanýarys. MEŞGULLANMAZLYK [meşğu:llonmozluk], iş ady. Bir iş ýa-da bir zat bilen meşgul bolmazlyk. Köpden bäri lukmançylyk bilen meşgullanmaýandygyma garamazdan, häzirkizaman lukmançylygyndaky özgerişlikler, medisina tehnologiýalary bilen tanşyp durmagy dowam etdirýärin (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling