MEŞGULLYK
[meşğu:lluk],
at.
Meşgul
bolmaklyk, gümralyk; işlilik.
MEŞHUR [meşhu:r], syp. Ady belli, şöhrat
gazanan, şöhratly, dabarasy dag aşan. Magtymguly
meşhur türkmen şahyrydyr.
MEŞHURLYK [meşhu:rluk], at. Ady bellilik,
şöhratlylyk. Türkmen halylary dünýäde uly meşhurlyk
gazandy.
MEŞIK, at. Suw we ş.m. guýmak üçin geçiniň
derisinden edilen gap, tulum. Her haýsynyň meşiginiň
düýbünde-de ýeke içerlik suwlary galypdy (B.
Kerbabaýew).
Meşik ýaly semiz, çişik. Meşik ýaly adam.
MEŞIKÇI, at, gepl.d. 1. Geçi derisinden meşik
taýýarlaýan adam. 2. Arkasy meşikli aýlap suw
satýan adam.
MEŞIKLIK, syp. Meşik etmäge ýarar ýaly,
meşik bolar ýaly (deri).
METAL [meta:l], at. Ýylylyk, elektrik geçiriji
häsiýetli, sozulýan, ýalpyldyly ýönekeý himiki
element. Okuwçylar metal böleklerini ýygnadylar.
Metal pul köplenç, misden, bürünçden, dýural-
ýuminiden zikgelenip ýasalýan ownuk pul.
METALLURGIÝA [metallu:rğiýa / metal-
lurği:ýa], at. Ylmyň hem tehnikanyň, seýle-de
senagatyň magdanlardan ýa-da beýleki materiallardan
metal almak bilen meşgullanýan pudagy. Bu
metallurgiýa kärhanasynyň önümçilik kuwwaty her
ýylda 160 müň tonna önüme deňdir (
Türkmen
dünýäsi
).
METBE, at,kön.s. Neşirleri çap etmek işini alyp
barýan edara, çaphana; tipografiýa.
METBUGAT [metbu:ğat], at. Döwürleýin çap
edilýän neşirler (gazetler, žurnallar we ş.m.).
METDE, at. Arap elipbiýinde elibiň üstünde
goýulýan we uzyn [a:] sesini aňladýan belgi.
Do'stlaringiz bilan baham: |