Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet179/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   175   176   177   178   179   180   181   182   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÄZLEŞMEKLIK [mä:zleşmeklik], iş ady. 
Mäzleşmek ýagdaýy. 
MÄZLI [mä:zli], syp. Mäzi bar, gänli (serGän). 
Mäzli et. 
MÄZOTY [mä:zoty], at. Boýy 15-40 sm ýetýän 
köpýyllyk ýabany derman ösümlik. 
MI [mi:], 

Do

bilen başlanýan saz gammasynda 
üçünji ses we şol sesi aňladýan nota belgisi.
MIGRASIÝA [migyra:siýa], at. Ilatyň ýurduň 
içinde we daşynda göçmegi ýa-da bir ýerden başga 
ýere geçip, bolýan ýerini üýtgetmegi. Migrasiýa 
gullugy. 
MIKRO [mi:kyra]..., 1. Başlangyç birlikleriň 
milliondan bir ülşüne deň bolan fiziki ululyklary 
aňladýan birlikleriň atlarynyň birinji düzüm bölegi 
(mysal üçin, mikrometr). 2. Juda kiçi ölçegli zatlara, 
nämedir bir zadyň çäkli tarapyna degişli kiçiligi 
aňladýan goşma sözleriň birinji düzüm bölegi (mysal 
üçin, mikroorganizm). 
MIKROB [mikiro:p], at. Diňe mikroskop arkaly 
görmek mümkin bolan bir öýjükli örän kiçijik 
organizm.
MIKROB [mikiro:p], at. Diňe mikroskop arkaly 
görmek mümkin bolan öýjükli örän kiçijik 
mikroorganizmleriň umumy ady.
MIKROFON [mikyrafo:n], at. Ses tolkunlaryny 
elektrik tolkunlaryna öwürýän we sesleri uzak 
aralyga bermek üçin ýa-da güýçlendirmek üçin 
hyzmat edýän enjam.
MIKROSKOP 
[mikyrasko:p], 
at. 
Göze 
görünmeýän zatlary has ulaldyp görkezýän optik 
enjam.
MIKROYKDYSADYÝET 
[mi:kyraykdysa:dyýet], 
at. 
Ykdysady 
ylmyň 
ykdysadyýeti aýry-aýry ykdysady birlikler (pudak, 
firma, öý hojalygy we ş.m.), şeýle-de anyk bazarlar, 
nyrhlar, harytlar, hyzmatlar görnüşinde derňeýän 
bölümi. 
MIKROYKDYSADY [mi:kyraykdysa:dy], syp
Mikroykdysadyýet 
bilen 
baglanyşykly, 
mikroykdysadyýete häsiýetli, degişli, mahsus. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   175   176   177   178   179   180   181   182   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling