Moý açmak çat açmak, çat emele gelmek,
jaýrylmak. Moý açan käse.
MOÝLY [mo:ýly], syp. Moýy bolan, çat açan.
Moýly käse.
MOÝMULDAMA [moýmullomo], iş ady.
Moýmuldamak ýagdaýy.
MOÝMULDAMAK [moýmullomok], işl. Gaz
ýörişini edip ýöremek, ikibaka yranyp ýöremek,
ýuwaş, agyr ädimlemek. Ol pyşdyl hereketi bilen
moýmuldap gelip, olaryň ýanynda durdy (B.
Kerbabaýew).
MOÝMULDAMAKLYK [moýmullomokluk], iş
ady. Moýmuldamak ýagdaýy.
MOÝMULDAŞMAK [moýmulloşmok], işl.
Birnäçe bolup moýmuldamak. Gazlar boýunlaryny
uzadyşyp, moýmuldaşyp gaçdylar (H. Ysmaýylow).
MOÝMULDATMAK [moýmullotmok], işl.
Biliňden
aşagyny
tagaşyksyz
hereketlendirip
ýöremek.
MÖ, [mö:],üml. Göle mölände çykýan ses.
MÖÇBER [möçvör], at. 1. Bir zadyň ululyk
ölçegi, göwrümi, gabarasy, sygymy. Gabyň möçberi.
2. Bir zadyň mukdary, sany. Ylmy işiň ýerine
ýetirilmeli möçberi. 3. Töweregi, çemesi, çenli, çakly,
takmyn, golaý. Meniň daýhançylyk edip ýörenime
kyrk-elli ýyl möçberi boldy (N. Saryhanow). 4. Çäk,
aýtym, çygyr. Pagta öndürmekde etrap möçberinde
biziň daýhan birleşigimiz öňdeligi eýeledi.
MÖÇBERLI [möçvörlü], syp. Ululygy, göwrümi
belli bir möçberde bolan, möçberi taýyndan
kesgitlenen. On litr möçberli bedre.
MÖÇBERSIZ [möçvörsüz], syp. Çensiz-çaksyz,
sansyz-sajaksyz, çendenaşa köp. Bu gowak obasy
göçen beýik galanyň möçbersiz giň derwezeleri ýaly
haňlap ýatyrdy (A. Gowşudow).
MÖÇBERSIZLIK [möçvörsüzlük], at. Çensiz-
çaksyzlyk, aşa köplük, belli bir ölçegde, möçberde
dällik. Işiň möçbersizligi ony oýlandyrýardy.
Do'stlaringiz bilan baham: |