MINUTLYK [minu:tluk], syp. 1. Bir minut
dowam edýän, bir minuta çekýän. Minutlyk dym-
dyrslyk. 2.Az salymlyk, gysga möhletlik, az wagtlyk.
Olar bir minutlyk dymşyp, bir-birlerini bagyrlaryna
gysyşdylar we ogşaşdylar (A. Gowşudow).
MINUTMA-MINUT [minu:tmo-minu:t], hal,
ser. Minutsaýyn.
MINUTSAÝYN
[minu:ssa:ýyn],
hal.
Her
minutda, minut geçdigiçe, minutma-minut. Palta
gatlakdan gatlaga geçende, sagatsaýyn däl,
minutsaýyn garşylyga garaşýarsyň (B. Kerbabaýew).
MIRAP [mi:ra:p], at. 1. Suwly ekerançylyk
sebitlerinde suw paýlamak, suw nobatyna we suw
tutmaly wagta gözegçilik edýän adam. 2. gepl.d.
Oturylyşykda, toýda meý paýlaýjy, saky.
MIRAPÇYLYK
[mi:ra:pçylyk],
at,
ser.
Miraplyk.
MIRAPLYK [mi:ra:plyk], at. Mirabyň käri,
wezipesi, mirapçylyk. Miraplyk sapynyň saňa ýetip
ýörenine men-ä haýran (O. Ödäýew).
Miraplyk etmek 1) mirap bolup işlemek. 2)
gepl.d. toýda, oturylyşykda şerap paýlamak.
MIRAS [mi:ra:s], at. 1. Esasan, nesilden-nesle
geçýän mal, mülk, baýlyk. Mirasdan ýumruk ýetse-
de, hakyňy al (Nakyl). Bu ýer meniň atamdan galan
miras ýerdir (
Türkmen halk ertekileri
). 2. Öňki
döwürlerden, öň ýaşap geçen nesillerden galan ylmy,
medeni, durmuşa degişli we ş.m. baýlyklar,
ýadygärlikler, tejribeler, usullar, däp-dessurlar,
ýörelgeler.
MIRASDAR [mi:ra:ssa:r], at. 1. Miras galan
zady alan ýa-da miras almaga hukugy bolan adam,
mirasdüşer, mirasgär. 2. Öňden gelýän bir işi, pikiri
dowam etdiriji. Biz halkymyzyň iň oňat däpleriniň
mirasdarlarydyrys.
Do'stlaringiz bilan baham: |