MILLIARDLARÇA [milýa:rtlarça], hal. Birnäçe
milliarddan ybarat, bir ýa-da birnäçe milliarda
barabar.
MILLIGRAM [milli:ğyra:m], at. Gramyň
müňden bir bölegi.
MILLILEŞDIRILMEK [milli:leşdirilmek], işl.
Biri tarapyndan ýa bir ýöredilýän syýasat netijesinde
döwlet eýeçiligine geçirilmek.
MILLILEŞDIRMEK
[milli:leşdirmek],
işl.
Döwlet eýeçiligine geçirmek. Senagat kärhanalaryny
millileşdirmek.
MILLILEŞME [milli:leşme], iş ady. Millileşmek
ýagdaýy.
MILLILEŞMEK [milli:leşmek], işl. 1. Hususy
eýeçilikden döwlet eýeçiligine geçmek. 2. Milli
häsiýete geçmek, milli häsiýetli bolmak.
MILLILEŞMEKLIK [milli:leşmeklik], iş ady.
Millileşmek ýagdaýy.
MILLILIK [milli:lik], at. Milli özboluşlylyk.
MILLIMETR [milli:me:tir], at. Metriň müňden
bir bölegine deň uzynlyk ölçeg birligi.
MILLION [milýo:n], at. 1 000 000 belgisiniň
ady we onuň aňladýan sany; müň gezek müňe deň
san.
MILLIONER [milýone:r], at. 1. Millionlarça
puluň, uly baýlygyň eýesi. 2. Girdejisi million ýa-da
birnäçe milliona ýeten hojalyk. Millioner daýhan
birlesigi.
MILLIONLARÇA [milýo:nlorço], hal. Birnäçe
milliondan ybarat, millionlap-millionlap. Halkyň
saglygyny goramak üçin millionlarça pul harçlanýar.
MILT, at. Bir işiň hötdesinden gelmek niýeti,
hyýaly; gaýrat. Kimiň milti bolsa gelibermeli.
Milt etmek hyýal etmek, synanmak, het etmek.
Gyza lak atmaga milt etmek.
MINA [mi:na], at. 1. Ýeriň, suwuň aşagynda
goýulýan partlaýjy ýarag. Suwasty mina. Pyýada
goşuna garşy ulanylýan mina. Tanka garşymina.2.
Minomýotdan atylýan partlaýjy ok.
Do'stlaringiz bilan baham: |