Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
MÄHREM, syp. 1. ser. Mähriban. Mährem ene.
2.Ýakyn, golaý; syrdaş, dost. Kitap aňly-düşünjeli adamyň iň mährem ýoldaşydyr. 3. Oglana dakylýan at. MÄHREMLEŞDIRMEK, işl. Mähirli gatnaşygy ýola goýmak. MÄHREMLIK, at. Ezizlik, mähribanlyk; syrdaşlyk, dostluk, mähirli ýakynlyk. Ondan özüme her dem mähremlik duýýaryn. MÄHREW [mähröw], at, ser. Mähir. Şol göreçde hiç bir mährew ýokdy (B. Kerbabaýew). MÄHRIBAN [mähriva:n], syp. 1. Mähirli, mylakatly, mährem. Gülendam hem mähriban, hem salykatly ( Görogly ). Parahatlyk söýýän iller mähriban (Aýdym). 2. Gadyrly, gadyrdan, söýgüli, eziz. 3. Gyza dakylýan at. MÄHRIBANLYK [mähriva:nlyk], at. 1. Mähirlilik, mylakatlylyk, mähremlik. Öz adamlaryna 96 mähribanlyk bilen seretdi (B. Seýtäkow). 2. Gadyrlylyk, gadyrdanlyk, ezizlik. MÄJUM [mä:ju:m], hal. Owradylyp, mynçgalanyp gatyşdyrylan, gatym-garym edilen, ezilen, ýugrulan. Mäjum edip ýumşadylan topraga daýhanyň seretdigiçe seredesi gelýär. MÄJUMLAMA [mä:ju:mlomo], iş ady. Mäjumlamak ýagdaýy. MÄJUMLAMAK [mä:ju:mlomok], işl. Mäjum etmek, mynçgap gatym-garym etmek, ýugurmak, garnuwy bilinmez ýaly etmek, garyşdyrmak. Onuň adatlanan elleri suw bilen uny sanly salymda mäjumlady-da, güýçli, çalasyn ýumrugy hamyryň eýini ýetirdi (B. Kerbabaýew). MÄJUMLAMAKLYK [mä:ju:mlomokluk], iş ady. Mäjumlamak ýagdaýy. MÄJUMLANMAK [mä:ju:mlonmok], işl. Biri tarapyndan garym-gatym edilmek; mäjum bolamk, goşulyp-garylmak. Öňler bu ýerde suw bilen nebit mäjumlanyp ýatardy. MÄJUMLATMAK [mä:ju:mlotmok], işl. Birine garym-gatym etdirmek, mynjyratdyrmak, ownutdyrmak. MÄJUMLAÝYŞ [mä:ju:mloýuş], iş ady. Mäjumlamak ýagdaýy. MÄKÄM [mä:kä:m], hal. 1. Durnukly, üýtgemeýän, tutanýerli. Onuň bilen ýüzbe-ýüz duraýmak üçin nähili berk ýürek, mäkäm ruh gerekdir (G. Kulyýew). 2. Pugta, berk, gaýym, jebis. Onuň duran ýeri örän mäkämdi. Meniň aýdanlarymy mäkäm ýadyňda sakla. MÄKÄMLEME [mä:kä:mleme], iş ady. Mäkämlemek ýagdaýy. MÄKÄMLEMEK [mä:kä:mlemek], işl. 1. Mäkäm etmek, gaýym etmek, pugtalamak, berklemek, bir zady bir ýere berkitmek. Dalbarlyk üçin diken pürslerimizi mäkämledik. 2. Pugta, gymyldamaz ýaly jebis ýapmak, berklemek, açylmaz ýaly baglamak. Derwezeban derwezäni mäkämlejek wagty menem urup, gala girdim (A. Gowşudow). 3. göç.m. Bir zady ýadyňdan çykmaz, unutmaz ýaly etmek, pugta tabşyrmak, berk sargamak, berklemek. MÄKÄMLEMEKLIK [mä:kä:mlemeklik], iş ady. Mäkämlemek ýagdaýy. MÄKÄMLEMEZLIK [mä:kä:mlemezlik], iş ady. Mäkäm etmezlik. MÄKÄMLENMEK [mä:kä:mlenmek], işl. Biri tarapyndan mäkäm ýagdaýa getirilmek, berklenmek. Derwezeler mäkämlendi. MÄKÄMLEŞDIRMEK [mä:kä:mleşdirmek], işl. Barysyny, ählisini mäkämläp ýapyşdyrmak, berkleşdirmek, berkläp çykmak. MÄKÄMLEŞMEK [mä:kä:mleşmek], işl. 1. Mäkäm ýagdaýa getirişmek, berklemäge kömekleşmek. Derwezäni mäkämleşmek. 2. Dura- bara berkişmek, pugta bolup başlamak, sagdynlaşmak. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti gün-günden ösýär we mäkämleşýär. MÄKÄMLETMEK [mä:kä:mletmek], işl. Birine bir zady mäkäm etdirmek, berk baglatmak, berk durar ýaly etdirmek. MÄKÄMLEÝIŞ [mä:kä:mleýiş], iş ady. Mäkämlemek ýagdaýy. MÄKÄMLIK [mä:kä:mlik], at. Pugtalyk, berklik, gaýymlyk. MÄKI [mä:ki], at, dokm. 1. Erşiň arasyndan argaç geçirmek üçin ulanylýan, iki ujy süýnmek, ortasy oýuk, içine naýça salynýan uly bolmadyk gural. Taranyň iki baka argaç geçirýän mäkisi bolmaly (B. Kerbabaýew). 2. Tikin maşynlarynda aşaky sapagyň ýerleşýän ýeri. Ussa tikin maşynynyň mäkisini çalşyrdy. MÄKIGÖL [mä:kiğö:l], at. Hala salynýan mäki görnüşli göl. MÄKIÝAN [mä:kiý a:n], at. Ýumurtga guzlaýan towuk, guş. Mäkiýan sülgün. Mäkiýan käkilik. MÄLEME [mä:leme], iş ady. Mälemek ýagdaýy. MÄLEMEK [mä:lemek], işl. Mä-ä edip seslenmek (geçi, goýun hakynda). Haýwanam çagyrsaň, juda bolmasa mäleýändir, yňraljyraýandyr (B. Kerbabaýew). MÄLEMEKLIK [mä:lemeklik], iş ady. Mälemek ýagdaýy. MÄLEMEZLIK [mä:lemezlik], işl. Mä-ä edip seslenmezlik, mäläp durmazlyk. MÄLEÝIŞ [mä:leýiş], iş ady. Mälemek ýagdaýy. MÄLEMEZ [mä:lemez], at. Alty ýaşly goýun. MÄLEMEZLIK [mä:lemezlik], iş ady. Mälemek hereketini etmezlik, mälemez ýaly ýagdaýda bolmak. MÄLEŞMEK [mä:leşmek], işl. Birnäçe bolup ýerli-ýerden mälemek. Hoş howaly ýaýlalarda Mäleşýärler goýun-guzy (A. Kowusow). MÄLETMEK [mä:letmek], işl. Mälemäge mejbur etmek. Goýny mäletmek. MÄLIM [mä:lim], at. Aýan bolup duran, aýdyň, äşgär, belli. MÄME [mä:me], at, gepl.d. Aýal maşgalalarda süýt mäzi; göwüs. Ak mämäňe çybyn gondy oglankaň, Ulalaňda, yzy mälim, Akmeňli (Halk aýdymyndan). On üç bilen on dört ýaşyň arasy, Tözlenip galyşar ýar, mämeleriň (Kemine). MÄMIŞI [mä:mişi], syp. Sarymtyl gyzyl reňk. Ünsüni başga ýana sowup, mämişiň ýerine sary çitip, göge derek ak sapyp oturanlar azmy näme? ( Edebiýat we sungat ). MÄREKE [mä:reke], at. Bir ýere köp toplanan, üýşen adamlar, jemende, mähelle. Toýçy märeke dym- dyrs boldy (B. Kerbabaýew). Märeke gaýtarmak toýa gelen köp sanly adama hyzmat edip, toý sowmak. Toýda giden märekäni gaýtaraýmak aňsat zat däl. Märeke gören köpçüligiň arasynda köp bolup, köp zatlary öwrenen, oturylyşygyň we ş.m. abyny-tabyny bilýän. Duran ýigitler bu adamynyň ozal märeke gören şorta adamdygyny dessine tanadylar we degişme gürrüňlere başladylar (A. Gowşudow). MÄREKEÇI [mä:rekeçi], syp. Märekäni, adamlaryň oturylyşygyny gowy görýän, söýýän, oňa gatnaşýan adam, märekesöýer, märekeman. Ol märekeçi adamdy, köpçülik üýşen ýerde ol ýatlanýan adamdy. 97 MÄREKEÇIL [mä:rekeçil], ser. Märekeçi. MÄREKEMAN [mä:rekema:n], syp., gepl.d., ser. Märekeçi. Ol gaty märekeman adam eken. MÄREKESÖÝEN [mä:rekesöýön], syp., ser. Märekeçi. Çaňly şahyrçylyk we at seýisçilik edip, märekesöýen adam bolupdyr ( Aşyk Çaňly ). MÄREKESÖÝER [mä:rekesöýör], syp.,ser. Märekeçi. Märekesöýer Zybanyň göwni hemişe şagalaň-şugalaň, oýny, geň-enaýy zatlary isleýärdi (Ý. Mämmediýew). MÄŞ [mä:ş], at. 1. Süýrüje ýaprakly, pessejik boýly kösükli ösümlik. Mäş ekilen atyzlar. 2. Şol ösümligiň togalajyk melemtil dänesi, hasyly. 3. ser. Mäşewe. Men mäş içip heziller edindim. Mäşi bişişmezlik agzybirlikde ýaşamazlyk, sözi alyşmazlyk, oňuşmazlyk, jyny jyňkyryşmazlyk.Iň beteri-de, näme üçindir, garry awçynyň çagalar bilen mäşi bişişmeýärdi (B. Gurbanow). MÄŞBÜRÜNÇ [mä:şvürünç], syp. Ýaňy agaryp başlan sakgalyň reňki. Onuň eňeginde mäşbürünç bolan selçeňräk sakgaly bardy (N. Pomma). MÄŞE [mä:şe], at. 1. Tüpeň, sapança we ş.m. ýaraglaryň atmak üçin barmak bilen yza çekilýän egrije demri. Ol tüpeňiň mäşesini gysdy. 2.Hyrlynyň açylyp, eplenip, ýere direlýän ätişgir görnüşli aýagy. MÄŞEWE [mä:şöwö], at. Ýanan ýaga sogan, sähelçe un atyp, gowrulandan soň üstüne suw guýlup, mäş atylyp, gaýnadylyp bişirilýän nahar, çalkama, mäş. Öz yssyja mäşewäňize ýetseňiz, niçik bolarka? ( Görogly ). MÄŞIRIK [mä:şirik], at, dokm. Dokma ýüwürtmek üçin ýörite bükdürilen erişden saralan süýri ýumak. Ejem mäşirik bükdürip otyrdy. MÄTÄÇ [mä:tä:ç], syp. 1. Maddy taýdan ýetmezçilik, mätäçlik çekýän, gytçylykda ýaşaýan; garyp-gasar. 2. Bir zada garaşly, bagly, zar. Men seniň kömegiňe mätäç. MÄTÄÇLIK [mä:tä:şlik], at. 1. Maddy taýdan ýetmezçilik, mätäç bolmaklyk, ýoksullyk; garyplyk. 2. Bir zada garaşlylyk, baglylyk, zarlyk. MÄZ [mä:z], at. Adamyň ýa-da haýwanyň ýaşaýyş üçin gerekli maddalaryny işläp çykaryp, gana berýän ýa-da bedeniniň daşyna çykarýan agzasy. Süýt mäzleri. Ýag mäzleri. Tüýkülik mäzleri. MÄZBAŞY [mä:zva:şy], at. Adamyň alkymyna, boýnunyň ýüzüne çykýan başly ýara; inçekeseliň bir görnüşi . MÄZJIMEK [mä:zjimek], syp. Mäze meňzeş, mäz görnüşli. Mäzjimek öýjükler. MÄZLEŞIK [mä:zleşik], syp. 1. Gubarlap, ýaşaryp duran (göz hakynda). Kirpikleri selçeňlän gözleriniň symgylt garasynyň ornuny birsalym mäzleşik ak eýeledi (B. Kerbabaýew). 2.Şepbeşip duran, şepbeşik, süýgeşik. Ol ýabyň içine böküp girende, şykgy gatyşykly mäzleşik laý onuň aýagynyň aşagynda moýmuldady (B. Öwezow). MÄZLEŞIŞ [mä:zleşiş], iş ady. Mäzleşmek ýagdaýy. MÄZLEŞME [mä:zleşme], iş ady. Mäzleşmek ýagdaýy. MÄZLEŞMEK [mä:zleşmek], işl. Gubarlap, ümezläp, ýaşaryp durmak (göz hakynda). Onuň mäzleşen gözleri, naýynjar garaýşy meniň ýüregimden parran geçdi (R. Gelenow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling