Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MONITOR [monito:r], at. teh. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet186/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   182   183   184   185   186   187   188   189   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MONITOR [monito:r], at. teh. 1. Ekran arkaly 
seretmek, görmek üçin gurnalýan çylşyrymly 
gözegçilik enjamy. Telewizoryň monitory2. Ýüzüne 
teksti we grafiki maglumatlary çykarmak üçin 
kompýuteriň ekrany. 
MONITORING [monito:ring], at. Hemişelik 
alnyp barylýan gözegçiligiň netijesinde haýsydyr bir 
tebigy ýa-da durmuşy obýektde we ş.m. bolup geçýän 
özgermelere berilýän bahalaryň çaklamalaryň 
ulgamy, sistemasy. 
MONTY, at. Ak üzümiň togalak iri görnüşi. 
Gelinbarmak, monty üzümiň tüýsi, Miweler bol bitýär 
biziň ýerlerde (A. Salyh). 
MONTÝOR 
[mantyýo:r], 
at. 
Elektrik 
abzallaryny gurnamak, oturtmak we ş.m. boýunça 
hünärmen.
MOR [mo:r], syp. Gyzgylt-goňur reňk. Mor 
sakgally adam. 
MORTA [morto], syp. Duýdansyz hem gödek, 
birden, çürt-kesik, zoňtar, gönümel. Men Sara morta 
sorag berdim (N. Baýramow).
MORULYK [mo:ruluk], syp., gepl.d.  Mory eder 
ýaly, mory etmäge ýaramly. 
MORUK [mo:ruk], at,gepl.d. Jaýyň diwarynyň 
içinden geçirilen tüsseçykar. 
MORY [mo:ry], at, gepl.d. Jaýlaryň diwarynyň 
içinden, burçundan tüsse çykar ýaly ýasalýan ojak, 
otýakar. 
MOTAL [motol], at, gepl.d. Gatan duzly peýniriň 
owradylyp, uzak wagtlap sanaçda süýt bilen saklanan 
görnüşi. 
MOTOR [mato:r], at. 1. Içinden ot alýan ýa-da 
elektrik güýji arkaly herekete gelýän hereketlendiriji 
(dwigatel). Az salymdan soň motor sesi eşidilip 
başlady (K. Berdiýew). 2.gepl.d. Iki, üç tigirli 
aýagulag, motosikl. Motor dünýäni alagalmagal edip, 
bir salymyň içinde merkezden saýlandy (T. 
Gurbanow). 
MOWZUK,at, kön.s. Eseriň, gazetiň, žurnalyň
bir bölüminiň ýokary başynda görkezilýän ady.  
Çalasowat Pökgen esewan bolan hem bolsa
makalalarynyň 
we 
başgalarynyň 
diňe 
baş 
mowzuklaryny zordan okady (A. Gowşudow).  
MOÝ [mo:ý], at. Çäýnek-käse ýaly gaplarda urgy 
netijesinde emele gelýän çat, döwük çyzygy. Hum 
çäýnegiň moýy bar. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   182   183   184   185   186   187   188   189   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling