Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MÄ [mä:], s.ş.aňl.söz. Owlak-guzy, goýun-geçi  ýaly ownuk mal mälände çykýan ses.  MÄDE


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet176/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   172   173   174   175   176   177   178   179   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

[mä:], s.ş.aňl.söz. Owlak-guzy, goýun-geçi 
ýaly ownuk mal mälände çykýan ses. 
MÄDE [mä:de], at. 1. Adamyň we haýwanyň 
iýmit siňdiriji agzasy, aşgazany. Sowuk suwdan 
mädesi ganan janawar küdä bakan dyzady (G. 
Kulyýew).2. gepl.d. Işdä, nahar-şam küýsegi. 

Mädesi iri 1)nahar dannamaýan, horan, gören 
zadyny ýalmap barýan. Asla onuň bilen tabakdaş 
bolmaga-da mädäň iri bolmaly. 2) namysy-ary 
bilmeýän, zady ýüzüne almaýan, biperwaý. Bä-ä, 
her ýerde mädesi iri ýigitler bar-ow (B. 
Kerbabaýew). Mädäňe degmek ýüregiňe degip, 
işdäň kesilmek, tutulmak (nahar hakynda). 
MÄDEMÄZ 
[mä:demä:z], 
at, 
lukmanç. 
Aşgazanasty mäz. 
MÄHEK, at. 1. Gyzylyň hilini barlamak üçin 
ulanylýan gaty dag jisimi. 2. Gyza dakylýan at. 

Mähek ýaly düşbi, akylly, pähimli. Ol oglan 
duran bir mähek, bir sözli hem düşbi. – Hawa, eje, 
men ol gyzy gaty gowy tanaýan, onuň akyly-huşy 
mähek ýaly – diýip, Hoşgeldi jogap berdi (A. 
Gowşudow). 
MÄHEKDAŞ[mähekda:ş ], at. 1. ser Mahek.
2. göç.m. Düşbi, akylly, pähimli adam. Syr saklaýan 
mähekdaş, Zer ýanynda bellidir (Magtymguly). 
MÄHELLE, at, ser. Märeke. Agyr mähelle ony 
şowhun-şagalaň bilen garşy alypdy (G. Kulyýew).
MÄHETDEL, hal. Teklip, mürähet edilen 
dessine. Bossan mürähede mähetdel öýüň oňaýly 
ýerine geçdi (B. Kerbabaýew).

Mähetdel etmek birini garaşdyrmak, bendiwan 
etmek. Näme uly ili mähetdel edip otyrsyň (H. 
Derýaýew). 
MÄHIR, at. Birine ýa-da bir zada bolan söýgi, 
gowy görmek duýgusy.


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   172   173   174   175   176   177   178   179   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling