Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


METDELI, syp. Üstünde metde bolan, metde  goýlan. Üsti metdeli bolsa, [a] sesidir.  METDESIZ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet172/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   168   169   170   171   172   173   174   175   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

METDELI, syp. Üstünde metde bolan, metde 
goýlan. Üsti metdeli bolsa, [a] sesidir. 
METDESIZ, syp. Üstünde metde bolmadyk
metde goýlmadyk.  Üsti metdesiz bolsa [e] sesi bolar. 


94 
METEORIT [meteori:t], at, asman j. Älem 
giňişliginden Ýeriň atmosferasyna düşüp, onda 
dargap, pytrap ýetişmedik kosmiki jisim.
METEOROLOGIÝA [metorolo:ǧyýa], at. Ýeriň 
atmosferasy, onuň düzümi, häsiýeti we onda geçýän 
fiziki hadysalar hakyndaky ylym.
METGI, at, gepl.d. Masgara, ryswa, wejera. Siz 
meni metgi etdiňiz. 
METGI-MASGARA [metgi-masğara], at, ser. 
Metgi. 
METJIT [metji:t], at. Musulmanlaryň bäş wagt 
namazyny okap, ybadat edýän jaýy.
METR [me:tir / mi:tir]at.
1.
Ýüzsantimetre deň 
bolan uzynlyk ölçeg birligi. Üç metr mata. 2. Bir 
zady ölçemek üçin ulanylýan, santimetrlere bölünen 
100 sm uzynlykdaky agaç ýa-da metal gural. Satyjy 
metrini eline alyp, mata ölçemäge durdy. 
METRLIK [me:tirlik / mi:tirlik], syp. Metre deň, 
metre barabar, metr ölçeginde. Ol dükandan bäş 
metrlik halyny satyn aldy. 
METRO [metiro:], at. Şäheriň ýerasty elektrik 
demir ýoly, şäher ýol ulgamynyň bir görnüşi.
METROLOGIÝA [metiralo:ğiýa], at. Ölçegler 
we tereziler hakyndaky ylym. 
MEÝ, at. Üzüm şeraby,çakyry. Getirdi sakysy kim 
jam ile meý (Abdysetdar Kazy). 
MEÝDAN [meýda:n], at. 1. Düz ýer giňişligi, 
boş, takyr ýer, boşluk ýer. Ynha, ýazyň şeýle gözel 
görnüşli paslynda, al-ýaşyl gülälekli giň meýdanyň 
ortasynda ýaşyl donuny ýapynan depäniň üstünde bir 
ýigit otyrdy (H. Derýaýew). 2.Belli bir iş, söweş we 
ş.m. alnyp barylýan ýa-da ýörite niýetlenen ýer. 3. 
gepl.d. Içeri däl, daşary, daş; üsti örtülmedik, daşy 
gabalmadyk ýer. Meýdan örän yssy, durar ýaly däl. 
Bu ýer bolsa gaty salkyn we örän süýji suwly ýer 
(

Türkmen halk ertekileri

). 4. göç.m. Çygyr, ugur, 
çäk, älem. Şygyr meýdany. Sungat meýdany. 5. 
Oglana dakylýan at.



Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   168   169   170   171   172   173   174   175   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling