Meýdana gitmek (çykmak) aýakýoluna
gitmek, buşukmaga gitmek, täret etmäge gitmek.
Meýdan düşelgesi ekin ekilýän, hasyl ýygnalýan
ýerlerde adamlaryň arakesme wagtynda düşleýän,
nahar edinýän, dynç alýan ýeri, bassyrma. Gowaça
meýdanlaryndaky meýdan düşelgeleri hem örän giň
edilipdir (B. Pürliýew).Meýdan etmek aýakýoluna
oturmak, täret etmek.
MEÝDANÇA [meýda:nça], at. Belli bir maksat
üçin boş goýlan uly bolmadyk ýer, bir çäre geçirmek
üçin abzallaşdyrylan, ýörite bejerilen meýdan. Futbol
meýdançasy.
MEÝDANLYK [meýda:nlyk], at. Giden düzlük,
giňişlik, giň meýdan. Biz şol ýöräp oturyşymyza
gijara meýdanlyga ýetdik.
MEÝHANA [meýha:na], at, k.d. Şerap, çakyr,
içgi içilip, keýp çekilýän jaý, ýer. Meýhanada
gülgün şerap içiler, Meý mest olup gezen çagdan
aýryldym (Mollanepes).
MEÝHANAÇY
[meýha:naçy],
at,
k.d.
Meýhanada işleýän, meý satýan, meý guýup berýän
adam.
MEÝIL, at. Bir zada bolan isleg, höwes, arzuw,
niýet.
MEÝILDEŞ [meýilleş], at. Meýilleri birmeňzeş,
höwesleri, islegleri, arzuwlary meňzeş.
MEÝILDEŞLIK [meýilleşlik], at. Meňzeş
meýillilik, höwesleri, arzuwlary, islegleri birlik.
MEÝILLENDIRME [meýillennirme], iş ady.
Meýillendirmek ýagdaýy.
MEÝILLENDIRMEK [meýillennirmek], işl.
Birinde meýil döretmek, isleg oýarmak, höwes
döretmek.
MEÝILLENMEK, işl. Bir zada meýil etmek,
göwün beslemek, hyýallanmak, höweslenmek. Mülki
gollaryny ýazyp, ogluny gujaklamaga meýillendi
(
Edebiýat we sungat
).
MEÝILLENIŞ, iş ady. Meýillenmek ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |